Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurluşyk we ilat- ly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny);
2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary
(hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gur- luşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tonnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa; gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy);
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär- ler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrma- gyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnolo- giýalarynyň programma üpjünçiligi; maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy);
4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektro- nika we ýarym geçiriji abzallar);
5. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elekt- rik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik top- lumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy);
6. Maşyngurluşyk (hünärler: önümçiligiň we tehno- logiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiligi- niň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary);
7. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);
8. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).
9. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysa- dyýet we dolandyryş (gurluşyk pudagynda); kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (durmuş, ýaşaýyş-jema- gat we şäher hojalygy kärhanalarynda); logistika (gurlu- şyk pudagynda),
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hü- när bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synagla- rynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aş- gabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygyn- da kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky res- minama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman se- nagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky sag- lyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm- den) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsle- şikleriniň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi- namanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resmina- malary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär- ler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçme- dik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resmi- namalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 25-26-sy, 28-i we 30-y günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 29-y we 31-i günleri Mary welaýaty — awgust aýynyň 1 -i, 3-i we 5-i günleri Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 10-y günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y günleri
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: binagärlik ugry boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry boýun- ça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkme- nistanyň taryhy;
elektro we ýylylyk energetikasy ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
maşyngurluşyk ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa tehnologiýalary ugry boýunça — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
material !aryň tehnologiýalary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda syna- ga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da ders- leriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soň- ky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýda- lanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;
harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow
köçesiniň 136-njy jaýy; tel.: 28-18-86, 28-18-04.

Okalan sany: 375   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05504 sek. ýüklenen baýt: 40296