Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TÜRKMENISTANYŇ MILLI SPORT WE SYÝAHATÇYLYK INSTITUTY 

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Sport (hünärler: sport; ýokary derejeler sporty; bedenterbiýe).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1.Syýahatçylyk (hünärler: myhmanhana işe- würligi; syýahatçylyk işewürligi).
2. Sport ( sport; bedenterbiýe; sport žurnalisti- kasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
3. Menejment (hünär: sport desgalaryny dolan- dyrmak).
4. Ma ! iýe işi we karzlar (hünär: sporty maliýe- leşdirmek).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyk- lanan göçürmesi;
sportsmeniň kämillik kitapçasy (sport, ýokary derejeler sporty, bedenterbiýe, sport žurnalistikasy, sagaldyş işi hünärleri boýunça I derejeden pes bolmadyk) we sport mekdebinden hödürnama (sport ugruna okuwa girýänler üçin);
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda- ýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa gir-
ýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler bo- ýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türk- menistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşla- rynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir- ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak- dakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnama- syny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31-i günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we 31-i günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-2-i, 5-i we 7-si günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-4-i, 6-sy we 7-si günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 12-si we 14-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 14-i günleri
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
sport; ýokary derejeler sporty; bedenter-
biýe; sagaldyş işi hünärleri — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşiniň birinden tassyklanylan möç- bernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenis- tanyň taryhy;
myhmanhana işewürligi; syýahatçylyk işe- würligi; sport žurnalistikasy hünärleri — Türk- menistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jem- gyýeti öwreniş;
sport desgalaryny dolandyrmak; sporty maliýeleşdirmek; sport tehnologiýal arynyň tehniki üpjünçiligi hünärleri — matematika, Türk- menistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary de- rejeli türgenler;
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
2014-2018-nji ýyllarda geçirilen halkara ýa- ryşlaryň ýeňijileri;
2014-2018-nji ýyllarda sportuň görnüşleri bo- ýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Mil ! i sport we syýahatçylyk institutynyň salgysy:
 Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 
40; tel.: 22-65-37, 22-68-61.

Okalan sany: 299   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

dance


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06630 sek. ýüklenen baýt: 39153