Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TURKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TURKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Sahna sungaty we edebiýat döredijiligi (hünärler: aktýorçylyk sungaty; grim; yşyk bi- len bezemek; drama režissurasy; teatr öwreniş we dramaturgiýa; medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak; folklor toparyny guramak we dolandyrmak; milli tans toparyny guramak we dolandyrmak; höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak).
2. Kino sungaly (hünärler: ses režissura- sy; kino režissurasy; teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak).
3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat- kitaphana işi (hünärler: kitap- hana işini guramak; ylmyň we tehnikanyň mag- lumat üpjünçiligi).
4. Taryh we arheologiýa (hünärler: arheo- logiýa; iş dolandyryş we arhiw işi).
5. Medeniýeti öwreniş we durmuş-me- deni taslamalar (hünärler: medeniýeti öwre- niş; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýa- dygärliklerini goramak; sirk sungaty).
6. Sungatyň şekillendiriş we amaly gör- nüş !eri (hünär: taryhy-etnografiki gymmatlykla- ry rejelemek).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlama- gyň ugurlary we hünärleri:
1. Sahna sungaty we edebiýat döredijili- gi (hünärler: yşyk bilen bezemek; medeni-köp- çülik çärelerini guramak we goýmak; höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak).
2. Kino sungaty (hünärler: ses režissurasy; teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak).
3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünärler: kitaphana işini guramak; ylmyň we tehnikanyň mag- lumat üpjünçiligi).
4. Taryh we arheologiýa (hünär: iş dolan- dyryş we arhiw işi).
5. Medeniýeti öwreniş we durmuş-me- deni taslamalar (hünärler: medeniýeti öwre- niş; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýa- dygärliklerini goramak).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýat- lary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsle- şik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy- lan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy), Türk- menistanyň Medeniýet ministrliginiň garama- gyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatna- manyň nusgasy;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der- man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har- by bölümden) häsiýetnama;
3x4 möçberde alty sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas- syklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag- daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan oku- wa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşik- lerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňiji-
leri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmina- manyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir- ýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik- de resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak- dakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har- by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şaha- datnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk- maç hukukdan peýdalanýandygyny tassykla- ýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň 25-nji iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda institutda (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synag !ary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
aktýorçylyk sungaty, sirk sungaty, drama rezissurasy, grim, teatr öwreniş we dramaturgiýa hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türk- menistanyň taryhy;
te!eradiogepleşikleri guramak we alyp barmak, kino režissurasy hünärleri — saýla- nan hünär boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak, folklor toparyny guramak we do- landyrmak, milli tans toparyny guramak we dolandyrmak, höwesjeň aýdym saz topa ryny guramak we dolandyrmak hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türk- men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
ses režissurasy hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ug- rundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türk- menistanyň taryhy;
yşyk bilen bezemek hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
medeniýeti öwreniş, taryhy-etnografiki gymmatlyklary rejelemek, arheologiýa, ki- taphana işini guramak, muzeologiýa, me deni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak, iş dolandyryş we arhiw işi, ylmyň we tehnikanyň maglumat üpjünçiligi hünärleri — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýa- ty, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenis- tanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamala- rynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilin- de dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagt- da synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bil- medikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bol- madyk iş tejribesi bolanlar;
harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk
köçesi, 114; tel.: 48-28-60.

Okalan sany: 394   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08755 sek. ýüklenen baýt: 43259