Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri
(hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçy- lygy; teatr-haşam nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; dizaýn; keramika sungaty; zer- gärçilik sungaty; halyçylyk sungaty; şekillendiriş sunga- tynyň taryhy we nazaryýeti).
2. Binagärlik (hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaý- ny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri
(hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti).
Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş sy- naglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaşgärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren işlerini (ga- lamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel we keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýy- lyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet mi- nistrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çe- perçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm- den) häsiýetnama;
3x4 ölçegdäki alty sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsle- şiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döre- dijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýo- karda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçme- dik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň 25-nji iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Türkme- nistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
Monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr-haşam nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy hünärleri — galamda adamyň göwresiniň şekilini we reňkde adamyň portretini çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
Heýkeltaraşlyk hünäri — galamda adamyň göwresi- niň şekilini çekmek we gipsden ýasalan adamyň palçyk-
dan portretini ýasamak; berlen temadan heýkeltaraşlyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
Dizaýn hünäri — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini we reňkde natýurmort çekmek; berlen temadan dizaýn taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
Keramika sungaty; zergärçilik sungaty; haly- çylyk sungaty hünärleri — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini we reňkde natýurmort çekmek; hünär aýratynlygyna laýyklykda berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri — galamda natýurmort çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
Binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýady- gärlikleriniň rejelenilişi hünärleri — galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini we reňkde natýur- mort çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düz- mek; Türkmenistanyň taryhy;
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksat- namalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döw- let dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da ders- leriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soň- ky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artyk- maç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tej- ribesi bolanlar;
harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy:
Aşgabat ş., Alişir Nowaýy (2022) köçesi, 90;
tel.: 92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.

Okalan sany: 366   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10631 sek. ýüklenen baýt: 39923