Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik top- lumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; elektroenergetiki ulgamlaryň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwi- gatelleri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünär: ýyly- lyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehno- logiýasy).
2. Maşyngurluşyk (hünärler: metallary işläp bejer- megiň tehnologiýasy we maşynlary; elektrik we elektro- mehaniki enjamlaryň tehniki ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy).
3. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy).
4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ul- gamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektro- nika we ýarymgeçirijili enjamlar).
5. Maglumat howpsuzlygy (hünär: awtomatlaşdyry- lan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi).
6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtoma- tika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hü- när bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synagla- rynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşga- bat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky res- minama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm- den) häsiýetnama;
3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsle- şiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi- namanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýo- karda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçme- dik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institut- da (Mary şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 25-i, 27-si we 29-y günleri
Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 28-i we 30-y günleri
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i-awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-8-i, 10-y we 12-si günleri
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri
Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň ta- ryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda ge- çirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artyk- maç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;
harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy:
Mary ş., Baýram han köçesi, 62;
tel.: 5-75-02, 5-75-03.

Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05683 sek. ýüklenen baýt: 37884