Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMEN MILLI KONSERWATORHASY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TÜRKMEN MILLI KONSERWATORHASY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sungaty; bagşy; opera sungaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynas- lyk; kompozisiýa; türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk; estrada sun- gaty; saz mugallymçylygy).
Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Estrada sungaty, saz mugallymçylygy hü- närleri boýunça saz bilimi çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyklar kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
orta (orta hünär) bilim baradaky resmina- manyň asyl nusgasy, Türkmenistanyň Medeni- ýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdep- lerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakyndaky wagtla- ýyn şahadatnamanyň nusgasy;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der- man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas- syklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag- daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşik- lerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňiji- leri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmina- manyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şaha- datnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk-
maç hukukdan peýdalanýandygyny tassykla- ýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň 25-nji iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Türkmen milli konserwatori- ýasynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünärleri - hünäri boýunça (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenista- nyň taryhy (ýazmaça we dilden);
aýdym sungaty, opera sungaty, bagşy hünärleri — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hor dirižýorlygy, orkestr dirižýorlygy hünärleri — hünäri boýunça we fortepiano (ýe- rine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
kompozisiýa hünäri — döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek), solfejio we garmo- niýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň ta- ryhy (ýazmaça we dilden);
sazşynaslyk, türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynas !yk hünär- leri — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dil- den), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz ede- biýaty (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
estarada sungaty, saz mugallymçylygy hünärleri — hünäri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden).
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenis- tanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bil- medikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bol- madyk iş tejribesi bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy:
Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22;
tel.: 92-28-56.

Okalan sany: 40   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05129 sek. ýüklenen baýt: 37877