Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TURKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TURKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: maliýe; pul dolanyşygy we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we maliýe; ätiýaçlandyryş işi; birža işi; buhgalter hasa- by we audit; maliýe gözegçiligi).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglary- nyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşga- bat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm- den) häsiýetnama;
3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda
mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşi- giniň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäs- leşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminama- nyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýo- karda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geç- medik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 28-i we 29-y günleri
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 30-y günleri
Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i, 4-i we 5-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 4-i we 6-sy günleri
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 7-8-i, 11-i we 13-i günleri
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 12-si we 14-i günleri
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda ge- çirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da ders- leriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soň- ky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artyk- maç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
maliýe hünärleri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň
Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112;
tel.: 49-61-99, 49-64-47.

Okalan sany: 338   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05825 sek. ýüklenen baýt: 38118