Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE Ösüş UNIWERSITETI
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE Ösüş UNIWERSITETI

2018/2019-njy okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halka- ra jemagat hukugy; halkara hususy hukugy).
2. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş
(taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty).
3. Sosiologiýa we sosial iş (taýýarlygyň ugry: sosiologiýa).
4. Filosofiýa we etika (taýýarlygyň ugry: filosofiýa).
5. Köpçülikleýin habar beriş serişdele- ri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: žurnalistika).
6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýar- lygyň ugurlary: halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi).
7. Informatika we hasaplaýyş tehnika-
sy (taýýarlygyň ugurlary: kompýuter tehno- logiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy).
Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça bir ýyl dil öwreniş bölüminde taýýar- lyk geçeninden soňra, iňlis dilinde alnyp bar- lar. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärleriň dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden, bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamaklyga mümkinçiligi bardyr.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçme- dik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri bo- ýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezle- rinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýa- zylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim ba- radaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşik- lerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa- rynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan de- gişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nus- galaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnama- syny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş
şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin ar- tykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyk- laýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakda- ky möhletlerde geçirilýär:
Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 25-26- sy, 28-i we 30-y günleri
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 31-i günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 29-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 5-i günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 8-i günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 9-y we 10-y günleri
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýun- ça geçirilýär:
filosofiýa; sosiologiýa; halkara jema- gat hukugy; halkara hususy hukugy; halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty
taýýarlyk ugurlary — iňlis dili, Türkmenista- nyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
žurnalistika taýýarlyk ugry — iňlis dili, türk- men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
halkara ykdysadyýeti; halkara menej- ment; halkara mal iýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi; kompýuter tehnologi- ýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasi- ýa tehnologiýasy taýýarlyk ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkme- nistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna- malarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil öwredýän derslerden başga, äh- li dersler boýunça giriş synaglary döwlet we/ ýa-da iňlis dilinde dilden geçirilýär. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden ba- kalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamak üçin iňlis dilinden barlag testini tabşyrýarlar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça sy- nagdan geçip bilmedikler ondan soňky sy- naglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bol- madyk önümçilik tejribesi bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;

Halkara ynsanperwer ylymlary weösüş uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., 1958 (Andalyp)
köçesiniň 169-njy jaýy;
tel.: 39-85-62, 39-85-25.

Okalan sany: 637   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05544 sek. ýüklenen baýt: 39804