Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmenistanyň jemagat hojalygy instituty
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TÜRKMENISTANYŇ JEMAGAT HOJALYGY INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hü- närler: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolan- dyrylyşy; awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tonnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlanylyşy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi we lagym ul- gamlary; ýörite maksatly inžener ulgamlary we desgalary).
2. Binagärlik (hünärler: ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy; binagärlik gurşawynyň dizaýny).
3. Maşyngurluşyk (hünärler: göteriji-äkidiji, ýöriteleş- dirilen maşynlar we enjamlar; önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).
4. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünär: elektrik üpjünçiligi).
5. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaş- dyryş (hünär: tehnosfera howpsuzlygy).
6. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
Tölegli esasda okadyljak hünärmenleriň taýýarlanylýan ugurlary (hünärleri):
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysady- ýet we dolandyryş (jemagat hojalygy ulgamy üçin); buhgal- ter hasaby we audit (jemagat hojalygy ulgamy üçin)).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we institutda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman se
nagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm- den) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda ar- tykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşik- lerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçme- dik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri bo- ýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkme- nistanyň Jemagat hojalygy institutynda (Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň 51-nji jaýynda ) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Mary welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31-i günleri
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we awgust aýynyň 1-i günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 5-i we 7-si günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 3-4-i, 6-sy we 8-i günleri
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 11-i we 13-i günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 12-si we 14-i günleri
Giriş synag I ary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
binagärlik gurşawynyň dizaýny hünäri — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
galan hünärler — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mek- depleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky sy- naglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önüm- çilik tejribesi bolanlar;
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň salgysy: 
Aşgabat şäheri, Büzmeýin etrabynyň 
Senagat köçesiniň 51-nji jaýy; 
tel.: 33-52-33, 39-26-47, 39-26-48.

Okalan sany: 836   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06033 sek. ýüklenen baýt: 38615