Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY
Ýazylan wagty: 12 июля 2018 Ýazan NEXTTM


TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agro- nomçylyk; agroekologiýa; agrohimiýa we topragy öwreniş; gidromeliorasiýa; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; tehniki hyzmatyň gu- ralyşy we tehnologiýasy).
2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar luk- mançylygy).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: oba hojaly- gynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; oba hojaly- gynyň ykdysadyýeti).
2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýat- larynyň merkezlerinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm- den) häsiýetnama;
3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda ar- tykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşik- lerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýo- karda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçme- dik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri bo- ýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Mary welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 29-y we 31 günleri
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 30-y we awgust aýynyň 1-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-3-4-i, 5-6-sy we 7-si günleri
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
Oba, tokaý we balyk hojalygy (agronomçylyk, ag- roekologiýa, agrohimiýa we topragy öwreniş), we- terinariýa we zootehniýa ugurlary — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
Oba, tokaý we balyk hojalygy (gidromeliorasiýa, gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy, oba hojalygy ny mehanizmleşdirmek, tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy), informatika we hasaplaýyş tehnikasy
ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
Ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mek- depleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky sy- naglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
harby gullugy tamamlap gelenler;
soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gaza- nan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödür- lenen kärendeçiler we mülkdarlar.

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň
Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy:
Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94;
tel.: 9-27-47, 9-30-65, 9-38-65, 9-33-92.

Okalan sany: 414   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
12 июля 2018

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07637 sek. ýüklenen baýt: 39405