Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Awazanyň gyzgalaňy günsaýyn artyar.
Ýazylan wagty: 08 августа 2018 Ýazan NEXTTM


Awazanyň gyzgalaňy günsaýyn artyar.
 
Biziň hususy habarçymyz Awaza Milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky Baş müdirliginiň baş hünärmeni Altyn Nazarowa bilen sorag-jogap görnüşinde söhbetdeş boldy.

Awaza Milli syýahatçylyk zolagy haçan döredildi we şondan bäri nähili işler durmuşa geçirildi?

-Awaza Milli syýahatçylyk zolagy 2007-nji ýylda döredilip, döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilmegi we köp mukdarda serişde goýberilmegi netijesinde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda gysga wagtyň içinde kämil kurort merkezi kemala geldi. Ýagny, şu günki günde Awazada döwrebap myhmanhanalar toplumy we beýleki medeni durmuş maksatly binalar raýatlara ýokary derejeli hyzmat edip, Awaza salgydyň ähli görnüşlerinden boşadylan erkin ykdysady zolak bolup durýar.

Häzirki wagtda Awazada näçeräk adam dynç alýar?

-Awazada 33 sany döwrebap myhmanhanalar hereket edip, onda birbada 11 müňden gowrak adamyň dynç almaga mümkinçiligi bar. Şu ýyl howanyň yssy gelmegi bilen dynç alyş möwsümi ir başlady. Eýýäm şu ýylyň iýun aýynyň başyndan bäri myhmanhanalar doly güýjünde işleýär. Has takygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde dynç alýanlaryň sany 1,5-2 esse artdy diýsek ýalňyşmarys.

Şu ýyl Awazada dynç alýanlaryň sanynyň artmagyna näme sebäp boldy?

-Ilki bilen 2017-nji ýylda ýurdumyzda “Aziada-2017” halkara sport çäresi ýokary guramaçylyk derejede geçirilip, bu çäräniň guramaçylygyna dahylly adamlar dynç alyşyny indiki ýyla süýşürdiler. Dynç almak üçin bahalaryň elýeterli bolmagy, raýatlaryň maddy-hal ýagdaýynyň gowylaşmagy hem munuň esasy sebäbi bolup durýar. Şu ýyl howa şertleri hem deňizde dynç almaga has ýaramly boldy. Şol bir wagtda täze gurlup ulanylmaga berilen “Awaza” akwaparky we “Awaza” şypahanasy hem kurort merkeziniň şan-şöhratyny has hem artdyryp, raýatlarda uly gyzyklanma, höwes döretdi.

Dynç almaga gelýänler esasan kimler, olaryň arasynda haýsy ýaşdaky adamlar agdyklyk edýär?

-Awazada ähli ýaşdaky we kärdäki adamlar ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýagny, şäherlerden, etraplardan, obalardan gelip dynç alýarlar. Ýöne, olaryň arasynda esasan orta ýaşdaky adamlar agdyklyk edýär. Muny şol döwrüň islegi diýip düşündirse bolar.

Toparlaýyn alanyňda siziň pikiriňizçe haýsy topardaky adamlar dynç alamaga has köp gelýär we munuň sebäbi?

-Awazada talyplar, deň-duşlar we dost-ýarlar toparlaýyn gelip dynç alýarlar. Esasan, maşgala bolup dynç alýanlara köp duş gelmek bolýar. Bu bolsa halkymyzyň maşgala gymmatlygyna berýän aýratyn ünsi, bahasydyr.

Myhmanhanalara ýerleşmegiň tertibi nähili, bu ugurdan işler nähili ýola goýlan?

-Myhmanhanalara gelip, boş ýere görä, päsgelçiliksiz ýerleşmäge doly mümkinçilik bar. Ýöne, raýatlar munuň has ygtybarly hem-de islegine görä bolmagyny we hiç hili päsgelçiliksiz ýerleşmegi isleseler otaglary öňünden bronlap hem bilýärler. Şol bir wagtda ýollanma esasynda ýerleşmek we ýeňilliklerden peýdalanmak mümkinçiligi hem bar.

Esasy haýsy myhmanhanalar meşhurlykdan peýdalanýar. Munuň sebäbi we syry nämede?

-Esasan, “Hazar”, “Gämi”, “Şamekan”, “Bagtyýar”, “Deňiz”, “Berkarar” myhmanhanalaryna, “Ýelken”, “Tolkun” ýaht klublaryna, “Galkynyş”, “Ýüpek ýoly” kotedžler toplumyna isleg has ýokary bolup, bu myhmanhanalarda hyzmat ediş işgärleriň işine ussatlygy, ýokary hilli hyzmatlar, myhmanhanalaryň täzeligi, ýokary komfortlylygy muňa sebäp bolýar.

Dynç alýan raýatlar wagtlaryny nähili geçirýärler we näme bilen meşgullanýarlar?

-Dynç alýanlar esasan deňize we howuzlara suwa düşmek, sport bilen meşgullanmak, ikiçäk we kollektiwleýin sport ýaryşlaryny guramak, katerde deňize gezelenç etmek bilen wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Ýagny, Awazada, sportyň woleýbol, basketbol, futbolyň adaty we plýaž görnüşleri, tennis, bilýard, bowling, tigir sürmek ýaly görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Şonuň ýaly-da, myhmanhanalaryň sauna, massaž, SPA ýaly hyzmatlaryndan hem giňden peýdalanylýar.

Awazada çagalaryň dynç almagy üçin döredilen şertler we çagalaryň tomusky dynç alyşynyň gurnalyşy hem-de munuň elýeterliligi barada aýdaýsaňyz?

-Awazadaky myhmanhanalaryň 7 sanysy çagalaryň dynç almagy üçin ýöriteleşdirilip, olarda tomusky dynç alyş döwründe 6 tapgyrda çagalar dynç alýarlar. Her tapgyrda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 1150 çaga kabul edilip, häzirki wagtda 5-nji tapgyrdaky çagalar dynç alýar.

Awazada gezelenç etmek üçin nähili mümkinçilikler döredilen we raýatlar mundan nähili peýdalanýarlar?

-Awazada wagtyňy gyzykly geçirmek üçin “Deňiz merjeni”, “Älemgoşar”, “Jadyly kenar” ýaly attraksionly 3 sany seýilgäh bolup, bu ýerler günüň ähli wagtynda köp adamly bolýar. Çagalaryň attraksionlarda, oýnawaçlarda höwes bilen oýnaýyşy, olaryň gülküli şadyýan sesleri şähdiňi göterýär. 21.07.2018-nji ýylda bolsa “Awaza” akwaparkynyň ulanylmaga berilmegi bolsa raýatlara wagtyny şadyýan geçirmek üçin has uly mümkinçilikleri döretdi.

Näme üçin öň birnäçe seýilgäh bar bolsa-da “Awaza” akwaparky guruldy?

-“Awaza” akwaparky esasan suw attraksionly bolup, sebitde şeýle akwapark ilkinji gezek Türkmenistanda guruldy. Akwapark Awazanyň kämil binagärlik keşbi bilen utgaşyp, Hazaryň kenaryna özboluşly görk berdi. Bu işleriň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmekde, syýahatçylary, jahankeşdeleri höweslenme, gyzyklanma döretmek arkaly ýurdumyza çekmekde hem uly ähmiýeti bar.

Dynç alýanlara saglygyny berkitmek üçin nähili mümkinçilikler bar?

-Ilki bilen deňiziň ýoda baý howasy adam saglygyny berkitmekde uly ähmiýeti bar. Şonuň ýalyda, myhmanhanalaryň ählisinde saglyk merkezleri hereket edip, “Daýanç” sagaldyş merkezinde bejeriş işleri kämil derejede ýola goýlan. “Awaza” şypahanasynyň açylmagy bilen bolsa saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak üçin has giň mümkinçilikler döredi.

“Awaza” şypahanasynyň niýetlenişi nämeden ybarat we şu günki günde oňa bolan isleg nähili?

-Şypahana daýanç-hereket ulgamynyň keselleriniň, süýjili-diabet, ýürek-damar keselleriniň, nerw ulgamynyň keselleriniň, aýal-jyns agzalarynyň keselleriniň, deri-wenerologiki we dem alyş ýollaryň keselleriniň öňüni alamaga niýetlenip, dünýäniň öňdebaryjy, kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Şypahana Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ýagny, 21.07.2018-nji ýylda açylyp, häzirki günde doly güýjünde raýatlara hyzmat edýär. Şypahana isleg ýokary bolup, häzirki wagtda şypahanada saglygyny berkitmäge isleg bildirýän raýatlar köp.

Awaza daşary ýurt raýatlary dynç almaga gelýärmi?

-Awaza daşary ýurt raýatlaryň syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň geliş depgini ýylsaýyn artýar. Esasan hem ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri maşgalalary bilen yzygiderli Awaza gelip, dynç alýarlar.

Awazanyň geljegini nähili göz öňüne getirýäňiz?

-Awaza Milli syýahatçylyk zolagy ýakyn geljekde sebitde iň bir uly kämil kurort merkezine öwrülmeli. Munuň üçin ähli mümkinçilikler we şertler bolup, meýilnama boýunça Hazaryň kenarynda myhmanhanalar toplumy gurulmagyny dowam eder. Şonuň ýaly-da, çäkde golf meýdançalaryň, kazinolaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Milli syýahatçylyk kärhanalaryň işini kämilleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy has hem öser. Şol bir wagtda, Awazadaky infrastruktura ulgamy ýylsaýyn kämilleşdirilip, syýahatçylara has ýokary derejeli we köp görnüşli hyzmatlar hödürlener.

Okalan sany: 65   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08423 sek. ýüklenen baýt: 41788