Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
“GURBANLYK”
Ýazylan wagty: 08 августа 2018 Ýazan NEXTTM
“GURBANLYK”
 
Kurban sözi Arapçada “ýakynlaşma” hereketini bildirýän “krb” kök işliginden ýasalan bir at bolup, sözlükde “Alla Tagala ýakynlaşdyrýan zat; özi bilen Alla ýakyn bolunýan zat” manylaryny berýär. Bu manyda alanymyzda Kurban sözi, dińe bir haýwan jynsy bilen çäklenmän, eýsem Alla Tagala üçin gurban etmeklige mynasyp bolan ähli zady öz içine alýar we buny ýerine ýetirme işi-de “karrabe lillähi kurbänen” mysalyndaky ýaly gönümel bu kökden ýasalan “karrabe” işligi bilen berjay edilýär. Kurany Kerimde Hezreti adamyń iki oglynyń Alla Tagala beren gurbanlary-da (Maide 5/27) bu işlik bilen getirilýar. Bu bolsa, tefsir alymlarynyń açyklaýyşlary ýaly olaryń biriniń haýwan beýlekisiniń bolsa ak ekinden gurban berendiklerine delalat edýär. Biziń ińńän ýakyn we gowy görýän zatlarymyz üçin aýdýän “gurbanyń bolaýyn”, “jänym gurban bolsun” we “gurbanyń gideýin” ýaly sözlerimiz-de, gurban sözüniń haýwanyń daşyndaky zatlary hem öz içine alýan sözlükdäki manysyna görä ulanylyşydyr.

Yslam alymlary, bir musulmana gurbanlyk kesmekligiń wajyp bolmagy üçin özünde şu şertleriń bolmagyny öńe sürüpdirler:

1. Musulman bolmak. Yslam ynanjyna görä diniń buýruklaryny berjaý etmek üçin kişiniń ilki bilen musulman bolmagy hökmandyr. Şonuń üçin hem, bir dini kabul etmeýäniń, şol diniń buýruklaryny ýerine ýetirmeginiń manysy ýokdyr.

2. Akly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmak. Hanefi alymlardan Ymamy Agzam we Ebu Ýusuf bilen Mäliki we Hanbeli mezhebine görä, bir kişiniń gurbanlyk kesmek bilen borçly bolmagy üçin, onuń akylly we kämillik ýaşyna ýeten bolmaklygy şert däldir. Bularyń pikirine görä, gerekli maly güje eýe bolup heniz kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyń ýa-da akylsyz bir däliniń hossarynyň, olaryň adyndan gurban kesmegi gowydyr. Hanefi alymy Ymam Muhammediń we Şafygy alymlaryń pikirine görä bolsa, kişiniń gurban kesme ybadaty bilen borçly bolmagy üçin, aklynyń ýerinde bolmagy we kämillik ýaşyna ýeten bolmagy şertdir. Ähli ybadatlarda akylly we kämillik ýaşyna ýeten bolmaklyk hökmany bir şertdir. Gurban kesmeklik hem bir ybadat bolany üçin, çagalaryň we dälileriň malyndan gurban kesmek wajyp däldir. Bu meselede Ymam Muhammediň pikiri esas alynýar.

Okalan sany: 96   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07070 sek. ýüklenen baýt: 30827