Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gurbanyń Kabul bolmagynyń şertleri
Ýazylan wagty: 08 августа 2018 Ýazan NEXTTM
Gurbanyń Kabul bolmagynyń şertleri
 
1. Gurbanlygyń ybadat niýeti bilen kesilmegi. Yslamda ybadatlar jennet arzuwy ýa-da jähennem gorkusu bilen berjaý edilmän, eýsem Allanyń yrzasyny gazanmak maksady bilen ýerine ýetirilmelidir. Gurban kesme ybadatynda-da asyl niýet bu bolmalydyr. Bu babatda niýetiń ýürekden bolmagy ýeterlik bolup, diliń bilen aýtmaklyk hökman däldir. Hanefi mezhebinde iri şahly gurbanlyga goşulýanlaryń ählisiniń ybadat niýetinde bolmaklarynyń şert edilmegi hem, ybadat meselesinde niýetiń esasdygynyń aýdyń şaýadydyr. Kurany Kerimde läş, akar gan we dońuz eti bilen birlikde, Alladan başgasynyń adyna ýa-da ýoluna kesilen gurbanlygyń eti hem haram edilendir. (Bakara 2/173; Nahl 16/115). Şonuń üçin hem bilkastlaýyn Allanyń ady agzalman kesilen haýwanyń eti iýilmeýär.

2. Gurbanlyk haýwanyń kemsiz bolmagy. Gurban ybadatyndaky asyl maksadyń, magnawy taýdan Alla Tagala ýakynlaşmakdygyny öńem belläp geçipdik. Bu ýakynlygy gazanmak üçin bolsa halys niýetiń we takwalygyń ilkinji nobatda zerurlygy hemmämize mälimdir. Şonuń üçin hem gurban ediljek haýwanyń sagdyn, ähli agzasy ýerbe-ýer, bakylan we gurat bolmagy, bu ybadatyň many we maksadyna hem-de saglyk kadalaryna has laýykdyr. Hanefi mezhebine görä bir ýa-da iki gözi kör, süńkleriniń içinde ýüligi galmadyk ýaly hor we ezik, ysmazlyk derjesinde keselli, kesiljek ýerine ýöräp baryp bilmejek derejede agsak, gulaklary ýa-da guýrugy düýbünden kesik, dili kesik, guýrugynyń üçde birinden gowragy gopan, dişleriniń ählisi ýa-da ýaryndan köpüsi dökülen, şahlary düýbünden döwük, gögüs uçlary gopuk haýwanlar gurbanlyga ýaramaýar.

Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05586 sek. ýüklenen baýt: 29971