Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Taryhdan geljege şöhratlanýan Beýik Ýüpek ýoly”
Ýazylan wagty: 08 августа 2018 Ýazan NEXTTM


“Taryhdan geljege şöhratlanýan Beýik Ýüpek ýoly”
 
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty bütin dünýäde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Geçmişde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, taryhyň dürli eýýamlarynda adamzat siwilizasiýasyna Amul, Änew, Dehistan, Nusaý, Marguş, Merw, Köneürgenç ýaly medeni ojaklary bagyş eden gadymy türkmen topragy bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ösen döwletleriniň işewürleriniň, alymlarynyň, jahankeşdeleriniň we dürli hünärli beýleki adamlaryň üns merkezine öwrüldi. Bitaraplyk taglymyna pugta eýerýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu taryhy kerwen ýolunyň ugry boýunça öňe sürýän başlangyçlary, badalga beren halkara taslamalary Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk sebitlerde halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmekde netijeli binýat bolup durýar.

Gadym döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen, has dogrusy, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň, Köneürgenjiň üsti bilen Ýakyn Gündogara çenli, Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli söwda ýollary geçipdir. Geosyýasy bähbitli bu gadymy ýoly täzeden dikeltmekligiň ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde ähmiýeti, orny örän uludyr.

2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň  Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilmegi bolsa, ýurdumyzyň Ýewraziýa giňişliginde möhüm ähmiýetli derwezä öwrülýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama kabul edildi. Biz bu Kararnama laýyklykda, Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny ösdürmekde öňe sürýän we gatnaşýan halkara taslamalarynyň Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini görýäris.

Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmaga, ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açmaga uly itergi berjek halkara taslamalarynyň hatarynda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisini hem belläp geçmelidiris. Şu ýylyň başynda bu magistral gaz geçirijiniň Owganystanyň çäginden geçjek ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Merkezi we Günorta Aziýany baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat etjek bu transmilli tebigy gaz geçirijisi dünýä energetika ulgamynda ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen ugurlary boýunça taryhy ýadygärliklere syýahat etmäge gyzyklanma bildirýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Şu ýylyň başynda Italiýanyň «Rai 3» teleýaýlymynyň guran pikir soraşmasynyň netijesinde, taryhy nominasiýasy boýunça Türkmenistan iň köp gyzyklanma bildirilýän ýurt diýlip yglan edildi.

Türkmenistanda syýahatçylygyň halkara, milli, dynç alyş-sagaldyş, syýahat, zyýarat, medeniýeti öwrenijilik, bilim, ekologiýa, sport görnüşleri hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Medeniýeti we milli mirasy baý milletiň ykbaly hem belentdir» diýip belläp geçişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň baý taryhly, medeni-mirasly ýurt hökmünde milli syýahatçylygy ösdürmekde mümkinçilikleri we geljegi uludyr. Çünki dünýä syýahatçylyk ulgamynda taryhy-medeni ähmiýetli desgalara baryp görmek we medeni çärelere gatnaşmak arkaly medeniýeti öwrenmek maksady bilen syýahat etmek has hem ýörgünlidir.

Halkymyzyň taryhyny, milli medeniýetini sarpalaýan Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýoly döwrebap derejede gurulýan gara, polat ýollary, deňiz hem howa ýollary arkaly täzeden dikeldilýär. Dünýäniň çar künjüne uzaýan bu ýollar döwletler bilen ähli ugurlardaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýär. Goý, dünýä döwletlerine uzaýan dostluk ýollary müdimilik bolsun. Bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegi, pajarlap ösmegi üçin tutumly işleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

Okalan sany: 97   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12495 sek. ýüklenen baýt: 34600