Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport rekordy
Ýazylan wagty: 08 августа 2018 Ýazan Mayichka
Ajaýyp sport netijelerine eýe bolmak her bir sportçynyň şahsyýet taýdan täze ösüşlerine ýol açýar, sport köpçüligindäki şahsyýetara gatnaşyklaryny gowulandyrýar, durmuşdaky iňnän wajyp psihiki sypatlaryny we hereket endiklerini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Sport rekordy adamynyň hereket işjeňligindäki çäksiz mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär, onuň fiziki we ahlak güýjüniň kämilleşmeginiň täze ugurlaryny açýar. Sportçynyň şahsyýeti islendik beýleki adamlar ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň önümidir. Gimnastika, suwda ýüzmek ýaly sport görnüşleriniň ýygyndy toparynyň esasyny düzýän ýaşajyk sportçular üçin psihiki başarjaňlyk sport kämilliginiň wagtyny çaltlaşdyryp bilýär. Esasy meseleleriň biri jogapkärli ýaryşa taýýarlyk görýän we oňa gatnaşýan döwri sportçynyň psihiki iş başarjaňlygyny dolandyrmaklykdyr. Sportçy bilen işlemegiň psihologiki taýýarlyk ýaly özbaşdak görnüşi bar. Şol bir wagtyň özünde tälimçi fiziki, tehniki we taktiki taýýarlygyň kesgitli psihologiki kanunalaýyklygyny hasaba almalydyr. “Sportuň psihologiýasy” diýen adalganyň peýda bolmagy häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol baryp XIX asyryň ahyrlarynda sportuň psihologiýasy barada ilkinji kitaby ýazypdyr. Şondan soň köp ýyllap hiç hili zat ýazylmandyr. Diňe geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda sport pudagynda psihologik barlaglar ilkinji bolnup, öňki SSSR-de ulgamlaýyn geçirilip başlanýar. 50-60-njy ýyllarda Germaniýada, Polşada, Çehiýada, Wengriýada, Rumyniýada, has soňrak, Fransiýada, ABŞ-da, Şweýsariýada we Angliýada bu barlaglar giň gerime eýe bolýar. Bedenterbiýeden we köpçülikleýin sportdan tapawutlylykda uly sportda gazanylýan oňat netijeler diňe gündelik türgenleşik işleriniň aňrybaş fiziki we psihiki dartgynlylygy bilen baglanyşykly gazanylýandygy gizlin däldir.
Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17166 sek. ýüklenen baýt: 29672