Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Psihologyň nukdaýnazardan sport hereketleri
Ýazylan wagty: 08 августа 2018 Ýazan Mayichka
Psihologyň nukdaýnazary bilen aýtsak, sport hereketleriniň birnäçesi hem hereket, hem tilsim bolup bilýär. Mysal üçin, basketbolda topa erk etmek ussat üçin tilsimdir; topa erk edýän pursaty ol kesgitli hereketleri ýerine ýetirýär (garşydaşyndan daşlaşmak, oýun üçin amatly pursat, hüjüme oňaýly şert döretmek). Emma kämilligi pesräk oýunça topa erk etmek hereket bolup durýar. Şonuň üçin basketbolçynyň hereketi psihologiki nazaryýetden hereketiň iki toparyna bölünýär: a) hüjüm ediş oýun hereketleri; b) goranyş oýun hereketleri. Adam hereketiniň ähli görnüşlerinde (diňe sportdan, baletden we ýene-de sirk sungatynyň birnäçe žanryndan başga), adam aňynyň we erkiniň, hereketiniň we işiniň, zähmetiniň obýekti haýsydyr bir zatlar, serişdeler, beýleki adamlar bolup durýar. Eger demir ussasy bir zady çarhlaýan bolsa, onda ol (demir ussasy) subýekt, onuň çarhlaýan zady zähmet obýekti – çünki ähli hereket, aň, subýektiň erki şoňa gönükdirilen. Eger mugallym okuwçylar bilen işleşýän bolsa, onda mugallym subýekt, okuwçylar bolsa zähmet obýektidir. Sportda welin adam öz üstünde işleýär. Sportçy öz güýjüni, çydamlylygyny, tizligini, başarnygyny gitdigiçe kämilleşdirýär, gerekli hereketleri dogry ýerine ýetirmäge dyrjaşýar, taktiki wezipeleri göwnejaý berjaý edýär hem-de çözgüdini dürs ýerine ýetirýär. Diýmek, sportçy hereketiň hem obýekti hem subýekti. Diňe sportda obýektiň we subýektiň hereketleri utgaşýar, birleşýär. Ýaryşyň, bäsleşigiň diňe sporta mahsus däldigi mälimdir. Önümçiligi[ köpçüligi (kollektiwi) hem önümçiligiň aýry-aýry öňdebaryjylary-da öz aralarynda bäsleşýärler, kinofestiwallar geçirilýär, aýdymçylaryň “Ýaňlan diýarym” telebäsleşigi, “Talyp bahary”, “Talyp gözeli”, “Talyp joşguny” we ençeme ş.m. bäsleşikler muňa mysal bolup biler. Ýöne önümçilik, okuw, jemgyýetçilik hereketleri – işleri, sungatyň dürli pudagyndaky işler basleşiksiz hem mümkindir. Sport welin ýaryşsyz mümkin däl. Yaryşyň netijeli bolmagy çykyş edýän sportçynyň psihologiki taýdan taýýarlygyna baglydyr.
Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09377 sek. ýüklenen baýt: 30477