Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Joşgunlar (emosiýalar) we duýgular
Ýazylan wagty: 08 августа 2018 Ýazan Mayichka
Joşgunlar (emosiýalar) we duýgular – munuň özi adamyň töwerekdäki zatlara we öz-özüne bolan özboluşly gatnaşyklarydyr. Olar adamyň akyl ýetirişinden we işinden aýrybaşga bolman, onuň iş pursatynda döreýär we onuň gidişine täsir edýär. Suwsan adamyň içen bir pyýala suwy ony gandyrýar, lezzet berýär. Eger suwsamaýan adamyny suw içmäge mejbur etseň, onda närazylyk dörär, gaharlanar. Saz diňlemek ýakymly, ýöne konsert has uzaga çekse, adam ýadaýar, ünsi sowulýar. Duýgular we joşgunlar dünýäsi örän çylşyrymly we köptaraplydyr. Biziň duýgularymyz iki wezipäni: signal berijilik we dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýär. Şahsy we jemgyýetçilik durmuşynyň täze şertleri täze duýgularý döredýär. Bu şertler häsiýeti we manysy boýunça täze-täze syzmalaryň, duýgularyň döremeginiň çeşmesidir. Dünýaniň ilkinji kosmonawty Ý.A.Gagariniň ilkinji gezek kosmosa uçuşynda onuň başdan geçiren duýgularyny ondan ozal hiç kim başdan geçiren däldir. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, durmuş şekiliniň üýtgemegi täze joşgunly ýagdaýy, şahsyýetde täze joşgunly hyjuwy, täze duýgulary döredýär. Meselem, Türkmenistanyň özbaşdak döwlet bolmaklygy türkmen halkynda täze duýgulary döretdi. Psihologiýada manysy boýunça aşakdaky duýgular tapawutlandyrýarlar: – ahlak duýgy (moral); – akyl ýetiriş, paýhas (intellektual); – gözeliik duýgusy (estetiki). Watana bolan söýgä mukaddeslik söýgüsi diýilýär, dostluk duýgusyna asylly duýgy, borçlulyk duýgusyna ahlak taýdan ýokary göteriliş duýgusy diýilýär. Bilesigelijilik, bilmäge höweslilik, geň galmaklyk, meseläniň çözgüdiniň dogrulygyna ynamlylyk, şowsuzlyklara uçranyňda şübhelenmeklik, has çuň bilimlere höweslendirýän täzelikleri duýmak – akyl ýetiriş duýgusynyň mysallarydyr.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06788 sek. ýüklenen baýt: 29718