Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
"Altyn asyr" sebitleýin ýarym finala çyksa, “Houm Ýunaýted” bilen duşuşar
Ýazylan wagty: 09 августа 2018 Ýazan NEXTTM
"Altyn asyr" sebitleýin ýarym finala çyksa, “Houm Ýunaýted” bilen duşuşar

Öň habar berşimiz ýaly, Aziýa yklymynyň klublarynyň arasynda geçirilýän ikinji derejeli yaryş bolan AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň sebitleýin oýunlary dowam edýär. Ýurdumyzyň çempiony "Altyn asyr" toparynyň çykyş edýän bu abraýly ýaryşynyň sebitleýin oýnunyň biri tamamlandy. Ýagny Singapur döwletine wekilçilik edýän "Houm Ýunaýted" topary Filippinleriň "Seres-Negros" toparyny kabul edip, 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Utulan-çykdy düzgünnamasy boýunça dowam edýän ýaryşyň bu tapgyrynda "Houm Ýunaýted" topary iki oýnuň netijesi boýunça 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Indi olaryň garşydaşy Demirgazyk Koreýanyň "Aprel 25" topary bolar. Ýeri gelende aýtsak, "Altyn asyr" topary şu aýyň 22-29-yna Hindistanyň "Bengaluru" topary bilen iki oýundan ybarat bolan duşuşyklary geçirer. Şol duşuşyklarda ýeňiş gazanan topar ýokarda ady agzalan jübütleriň ýeňijisi bilen garşylaşar.
Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12142 sek. ýüklenen baýt: 29851