Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Darganata etrabynda şäher görnüşli şäherçe gurulýar
Ýazylan wagty: 09 августа 2018 Ýazan NEXTTM

Darganata etrabynda şäher görnüşli şäherçe gurulýar

Darganata etrabynda şäher görnüşli şäherçe gurulýar

Lebap welaýatynyň demirgazygynda möhüm ulag ýollarynyň – Türkmenabat –Gazojak demir ýolunyň we gara ýolunyň golaýynda şäher görnüşli täze Darganata şäherçesiniň ilkinji 40 jaýy guruldy. 

Takyr ýerlerde amatly durmuş-ýaşaýyş şertleri bolan täze şäherçäniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi oba ilatyna ýokary hilli durmuşy üpjün etmek babatda milli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Täze döwrebap şäherçede kottej görnüşli bir we iki gatly jaýlary, şeýle hem dört gatly jaýlaryň birnäçesini bina etmek göz öňünde tutulýar. 

Ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde durmuş-ýaşaýyş we önümçilik ähmiýetli binalaryň-da gurluşygy alnyp barylýar. Baş meýilnamada hersi 640 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän mekdepleriň üçüsini, hersi 240 orunlyk çagalar baglarynyň ikisini, 500 adamlyk Medeniýet köşgüni, Söwda merkezini, Hyzmat öýüni, 500 belgilik ATU-ny, önümçilik ulgamynyň, inženerçilik-ulag düzümleriniň binalaryny gurmak göz öňünde tutulan.

Okalan sany: 27   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05626 sek. ýüklenen baýt: 30988