Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Magtymgulynyň döredijiliginde durmuş hakyndaky goşgulary....
Ýazylan wagty: 06 декабря 2012 Ýazan Betman
         Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuş hakyndaky goşgulary esasy orunlarynyň birini eýeläpdir,ol Çilim çekmek, Nas atmak,ogurlyk, nahak gan dökmek ýaly pis häsiýetlere garşy öz çeper dilini ýarag höküminde ullanyp, şeýle setirleri ýazýar.
                
       Çilimkeş-- Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,
                    Ede bileniň etgil munda,çilimkeş
                        Diwan gurlan güni, hasap jaýynda,
                     Jogabyň nämedir anda, çilimkeş.

   Şahyr "Nas atan" şygarynda nas atýan adamyň hapysadygyny görkezip, ony masgaralaýar we erbet endigini taşlamaga çagyrýar 
                                               Nas atan-- Akar durar üsti-başyňy poh eder,
                   Senden gaçar deňi-duşyň Nas atan!
     
   Şahyr öziniň eserlerinde gybatkeşligi we töhmeti hem iň ýaramaz häsiýet höküminde ýazgarypdyr.
                
       Gybatkeş-- Ömriňi ýele berme, azma ýoluňdan,
                   Aglatmagyn il güniňi Gybatkeş!

   Şahyr Gelin-gyzlaryň edepli, mylaýym,arssa, päkize bolmagyny hem isläp,ata-enäni sylamaýan, hapysa Gelin-gyzlary pislä,
                
  Gelin-gyzlar--Bardyr gözel, sirke basar saçyny
                            Artmaz ýuwmaz tabagynyň daşyny,
                     Sylamaz atasynyn, ene ýaşyny
                         Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler

Okalan sany: 1582   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12684 sek. ýüklenen baýt: 31577