Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bagytly çagalygyň mekany
Ýazylan wagty: 16 августа 2018 Ýazan NEXTTM

BAGTLY  ÇAGALYGYŇ MEKANY

Etrabymyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Arzuwlary wysal bolýan çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin etrabymyzdaky orta mekdepleriň ýanynda döredilýän meýdançalarda çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin giň mümkinçilikler bar. 

Şu günler çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi  dowam edýär. Onda dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzyklandyrmak maksady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guralýar hem-de surat çekmek, goşgy okamak, bije çekmek bäsleşikleri geçirilýär. Türkmenistan hakykatdan-da bagtly çagalaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr. 

Diýarymyzda çagalaryň şadyýan, ruhubelentlikde oýnap, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05974 sek. ýüklenen baýt: 29404