Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GYZYKLY GÜNLER
Ýazylan wagty: 16 августа 2018 Ýazan NEXTTM

GYZYKLY  GÜNLER

Bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alşynda wagtlaryny hoş hem şadyýan geçirmekleri üçin etrap bilim bölümi hem degerli işleri durmuşa geçirýär. Etrabymyzyň  çagalary Gökdere jülgesinde,  “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç”, “Mary”, şeýle hem welaýatymyzyň “Arkadagyň bagtyýar nesilleri”, “Gunça” dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar. Tomusky dynç alşynda etrabymyzyň orta mekdepleriniň ýanynda  açylan dynç alyş meýdançalarynyň 4-si körpeleriň hyzmatynda. Etrabymyz boýunça çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň 100-si wagtlaryny şatlykly geçirýär.

Çagalaryň täze okuw ýylyna uly höwes bilen, ruhubelent ýagdaýda barmaklary üçin meýdançalarda gyzykly çäreler talaba laýyk guralýar. Dynç alyş meýdançalarynda çagalar ýaş aýratynlyklaryna seredilip, toparlara bölünýär. Olar bilen geçirilýän terbiýeçilik, sport, medeni-köpçülik çäreleri netijeli guralýar.

Ýakynda mähriban çagalar Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda hem-de Guşgy muzeýinde gyzykly gezelençde boldular.

Okalan sany: 39   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06006 sek. ýüklenen baýt: 29941