Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Bogunlaryň we bogunỳany dokumalardaky näsazlyklar
Ýazylan wagty: 16 августа 2018 Ýazan Mayichka
Periartrit – bu keselde alowlama we disrofiỳa hadysasy bogunỳany dokumalarda bolỳar. Adatça ol mioentezitleriň dowamy bolup döreỳär. Periartritler haỳal ỳüze çykỳarlar. Iliki wagtlar bogunlardaky hereketleriň saklanmagy, soňra noỳuşiỳ agyrylar peỳda bolỳar. Agyry hereketlerde güỳçlenip başlaỳar we käbir maşklary geçirmäge päsgel berỳärler. Çigin bogunyň periartriti – gimnastlarda, woleỳbolçylarda, tirsek bogunyňky-tenisçilerde, kçrekleỳjilerde, fehtowalçylarda duş gelỳär.
Bursit Iň köp duş gelýän bursitler tirsek, dyz we egin bogunlarynyň sinowial torbalarynyň alowlamasy bolup durýar. Bursitleriň bu bogunlarda köp duş gelmekligi sport görnüşleriniň aýratynlyklary bilen baglylykda yzygiderli şikes alýandyklary bilen düşündirilýär.
Sinowit Sinowitler sinowial bardanyň alowlamasy bilen çäklenýärler we onuň örtýän boşluklarynda suw ýygnanmagy bilen häsiýetlenýärler(sinowial torba, siňiriň bardasy, bogun boşlugy). Köp zaýalanýan bogunlara-dyz, tirsek, goşar, injik bogunlary degişlidir. Sinowit köplenç bir bogunda, seýrek hem birnäçe bogunlarda(meselem poliartritde) duş gelýär. Tendinit Kadaly dynç alynmadyk ýagdaýynda ýagny ýadawlygyň kompensasiýa hadysasyndan ýokary bolanynda döreýär we mikroşikesler kem-kemden toplanmak bilen ýadawlyk şikesine öwrülýär. Tendinitler sportda iň köp ýaýran şikesler bolup durýar
Newropatiýa Nerw sütünleriniň ýa-da olary iýmitlendirýän damarlarynyň geçýän dar baglaýjy ýa-da süňk kanallarynda(nagymlarda)gysylmagy netijesinde bedeniň dürli böleklerinde ýerleşýän kompressiýa işemiki newropatiýalar köp duş gelýär. Şuňa meňzeş newropatiýalar “nagym sindrowy” diýip at alandyr.
Süňküň üstki gatlagynyň alawlamasy – Periosti Periostit (bu söz 2 sany latyn sözünden ybarat bolup-periost-süňk üsti, itis-alawlama diýmekligi aňlatýar)-süňkleriň daşky gaty gatlagynyň alawlamasydyr. Adatça bu gatlagyň iç ýa-da daş tarapyndan başlanýar we soňra bütin gatlagyna ýaýraýar. Süňk üstki gatlak(periost)we hususy süňk gatlagynyň jebis galtaşýandygy sebäpli alowlama hadysasy bir dokumadan beýleki dokuma ýeňil geçýär we ol osteoperiostite öwrülip bilýär. Myşsalaryň tutgaýly ýygrylmasy – Sudoroglar Myşsalaryň tutgaýly ýygrylmasy diýilip myňsanyň ýa-da topar myşsalaryň adamyň erkine bagly bolmazdan dowamly we agyrly ýygrylmalaryna aýdylýar. Bu ýagdaýlar tennis, futbol oýnalýan ýa-da ylgaw we ýüzmek döwürlerinde ýygy duş gelýär. Emma bu ýagdaý islendik fiziki maşklary ýerine ýetirilende hem duş gelip biler. Myşsa agyrysy - Krepatura Myşsalarda agyry döremekligiň gelip çykyşy we tebigaty barada bäş sany çaklamalar bar: myşsanyň gurluşynň zaýalanmagy, birleşdiriji dokumalaryň zaýalanmagy, metobolit galyndy maddalaryň toplanmagy ýa-da osmiki basyş we çişme, süýt turşusynyň toplanmagy, hereket birlikleriniň ýerli ýygrylmagy.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06003 sek. ýüklenen baýt: 30879