Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Aziýa oýunlarynyň taryhy
Ýazylan wagty: 17 августа 2018 Ýazan Mayichka
Azi­ýa yk­ly­my­nyň iň iri sport çä­re­si Azi­ýa oýun­la­ry bo­lup, ol il­kin­ji ge­zek 1951-nji ýyl­da Hin­dis­ta­nyň paý­tag­ty Tä­ze De­li­de ge­çi­ril­ýär. Azi­ýa oýun­la­ryn­dan ozal yk­lym­da Uzak Gün­do­gar çem­pio­na­ty oýun­la­ry ge­çi­ri­lip, oňa-da san­ly­ja ýur­duň — Fi­lip­pin­ler, Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý ýa­ly döw­let­le­riň tür­gen­le­ri gat­naş­ýar­dy. 1913–1934-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da 10 sa­par gu­ra­lan bu ýa­ryş se­bit­le­ýin bäs­le­şik ýa­ly­dy. 1948-nji ýyl­da Lon­don­da ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da Azi­ýa yk­ly­myn­dan ba­ran ýurt­la­ryň we­ki­li­ýe­ti öza­ra mas­la­hat ge­çir­ýär. Şol mas­la­hat­da-da hy­taý­ly­lar we fi­lip­pin­li­ler Uzak Gün­do­gar çem­pio­na­ty oýun­la­ry­ny tä­ze­den di­kelt­mek ba­ra­da ylalaşýar. Ýöne Hin­dis­ta­nyň şol wagt­ky Ýe­ňil at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Gu­ru Dutt Sond­hi mu­ňa öz nägileligini bildirip, oýun­la­ryň çägine tu­tuş yk­ly­myň ýurt­la­ry­nyň-da de­giş­li edil­me­li­di­gi ba­ra­da­ky tek­lip bi­len otu­ran­la­ra ýüz­len­ýär. Şeýlelikde, Aziýa oýunlary döreýär. Şon­da­n soňam 1949-njy ýy­lyň 13-nji few­ra­lyn­da Azi­ýa Oýun­la­ry Fe­de­ra­si­ýa­sy dö­re­dil­ýär. Azi­ýa oýun­la­ry­nyň il­kin­ji­si­niň gu­ra­ma­çy­ly­gy-da Tä­ze De­li şä­he­ri­ne yna­nyl­ýar. 1950-nji ýyl­da ge­çi­ril­me­li edi­len I Azi­ýa oýun­la­ry kä­bir des­ga­la­ryň wag­tyn­da gur­lup ýe­tiş­di­ril­män­di­gi se­bäp­li 1 ýyl so­ňa süý­şü­ril­ýär. Şunlukda, Azi­ýa oýun­la­ry­nyň il­kin­ji­si 1951-nji ýy­lyň 4–11-nji mar­ty ara­ly­gyn­da Hin­dis­ta­nyň paý­tag­ty Tä­ze De­li­de ge­çi­ril­ýär. Oňa 11 ýurt­dan 491 tür­gen gat­na­şyp, olar spor­tuň umu­my­lyk­da 7 gör­nü­şin­den bäs­leş­ýär­ler. Şon­dan bä­ri-de 17 Azia­da ge­çi­ril­di.
Azi­ýa oýun­la­ry 1982-nji ýy­la çen­li Azi­ýa oýun­la­ry Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Bu federasiýa 1982-nji ýyl­da Tä­ze De­li­de ge­çi­ri­len IX Azi­ýa oýun­la­ry­nyň öňü­sy­ra­syn­da, has ta­ky­gy, 16-njy no­ýabr­da ýa­ty­ryl­ýar. Ýe­ri­ne Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi dö­re­dil­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, AGF düýp­li üýt­geş­me­ler bi­len AOG-a öw­rül­ýär. Mer­ke­zi eda­ra bi­na­sy Ku­weý­tiň Ku­weýt şä­he­rin­de bo­lan AOG-yň 45 sa­ny Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti ag­za­sy bar. Azi­ýa yk­ly­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän äh­li hal­ka­ra sport çä­re­le­ri­ne jo­gap ber­ýän AOG-yň hä­zir­ki pre­zi­den­ti ku­weýt­li Ah­mad Al-Fa­had Al-Sa­bah. Ol 1991-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan bä­ri bu we­zi­pe­de iş­le­ýär.
Azi­ýa oýun­la­ry­na kä­bir döw­let­ler dür­li se­bäp­ler­den gat­naş­ma­ýar. Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da öň­de­ba­ry­jy Hy­taý 1974-nji ýyl­da­ky oýun­lar­dan soň go­şu­lyp baş­la­ýar. Di­ňe 5 Azia­da gat­na­şan Ys­ra­ýyl sy­ýa­sy se­bäp­ler ar­ka­ly 1994-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň ag­za­ly­gy­na geç­ýär. De­mir­ga­zyk Bor­neo, Sa­ra­wak ýa­ly şol wagt­ky ada­lar (hä­zir­ki gün­de In­do­ne­zi­ýa­nyň çäk­le­rin­de) hem kä­bir oýun­la­ra gat­naş­ýar. Ir­ki ýyl­lar­da Şri Lan­ka Seý­lon, Ma­laý­zi­ýa Ma­la­ýa, Mýan­ma Bir­ma, bel­li bir dö­wür­de-de Kam­bo­ja Khmer Res­pub­li­ka­sy at­la­ry bi­len oýun­la­ra we­kil­çi­lik ed­ýär. Şol san­da Wýet­nam hem Gün­do­gar Wýet­nam, Ýe­men döw­le­ti-de bir­leş­ýänçä De­mir­ga­zyk Ýe­men hem-de Gü­nor­ta Ýe­men di­ýen at­lar bi­len Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýar. Azi­ýa oýun­la­ry­na Or­ta Azi­ýa döw­let­le­ri 1994-nji ýyl­dan bä­ri we­kil­çi­lik edip gel­ýär. Şeý­le-de Azi­ýa oýun­la­ry­nyň iň soň­ky bo­lup gat­na­şan Gün­do­gar Ti­mor (Ti­mor-Les­te) döw­le­ti­dir (2002).
Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05032 sek. ýüklenen baýt: 32154