Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
XVİİİ Aziýa oýunlarynyň netijesi
Ýazylan wagty: 02 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Şu gün, ýag­ny 2-nji sent­ýabr­da ta­mam­lan­jak XVIII Azi­ýa oýun­la­ryn­da ýaý­dan ok at­mak ýa­ryş­la­ryn­da Gü­nor­ta ko­re­ýa­ly mer­gen­ler öňe saý­lan­dy. Spor­tuň bu gör­nü­şi­niň ägir­di ha­sap­lan­ýan ko­reý­ler nus­ga­wy hem-de “com­pound” peý­kam ýa­ryş­la­ryn­da 2 al­tyn me­dal­dan ga­zan­dy­lar. Nus­ga­wy gör­nüş bo­ýun­ça ýe­ke­lik­de Kim Wu-žin, Li Wu-se­ok 1-2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da ýe­ke­lik­de hy­taý­ly Çžen Sin­ýan al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. To­par­la­ýyn bäs­le­şik­ler­de-de er­kek­ler­den Hy­taý Taý­pe­ýi, ze­nan­lar­dan Gü­nor­ta ko­re­ýa­ly­lar mün­be­riň çür de­pe­si­ne çyk­dy­lar. Ga­ry­şyk to­par­la­ýyn ýa­ryş­lar­da-da ýa­po­ni­ýa­ly­lar öňe saý­lan­dy.
Sinh­ron­la­ýyn suw­da ýüz­mek ýa­ryş­la­ryn­da gow­şu­ry­lan 2 al­tyn me­da­ly-da hy­taý­ly, 2 kü­müş me­da­ly-da ýa­po­ni­ýa­ly gyz­lar al­ma­gy ba­şar­dy. Jü­büt­ler­de Ži­an Tin­tin bi­len Ži­an Wen­wen ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ugur­da 2-nji ýe­ri ýa­pon­lar, 3-nji or­ny-da ga­zak­lar eýe­le­di. To­par­la­ýyn ýa­ryş­da-da 1-nji ýe­ri Hy­taý alan bol­sa, mün­be­riň beý­le­ki 2 bas­gan­ça­gy­na Ýa­po­ni­ýa­nyň we De­mi­ra­zyk Ko­re­ýa­nyň gyz­la­ry çyk­dy­lar.
Spor­tuň gim­nas­ti­ka gör­nü­şin­dä­ki äh­li ýa­ryş­lar ta­mam­la­nyp, paý­la­nan 16 al­tyn me­da­lyň deň ýa­ry­ny hy­taý­ly­lar top­la­dy. Sport gim­nas­ti­ka­syn­da er­kek­le­riň ara­syn­da to­par­la­ýyn, ýe­ke­lik­de köp gör­nü­şi (Lin Çao­pan), hal­ka (Den Şu­di), pa­ral­lel brus­lar (Szou Szin­ýu­an), ze­nan­lar­dan to­par­la­ýyn, ýe­ke­lik­de köp gör­nüş­li (Çen Ile), dür­li be­ýik­lik­dä­ki brus­lar (Lýu Tin­tin) hem-de pürs (Çen Ile) ýa­ryş­la­ryn­da hy­taý­ly­lar al­tyn me­dal­la­ry bo­ýun­la­ry­na dak­dy­lar. Gim­nas­ti­ka­nyň tramp­lin ug­ry bo­ýun­ça-da er­kek­dir ze­nan­la­ryň ara­syn­da de­giş­li­lik­de, hy­taý­ly gim­nas­ti­ka­çy­lar — Don Don bi­len Liu Lin­lin ýe­ňiş ga­zan­dy. Çe­per gim­nas­ti­ka ug­run­dan 2 me­da­ly-da ga­za­gys­tan­ly gyz­lar eýe­le­di. Ýag­ny ýe­ke­lik­de Ali­na Adil­ha­no­wa, to­par­la­ýyn ýa­ryş­da-da Adil­ha­no­wa we ýol­daş­la­ry ýe­ňi­ji bol­dy. Bu iki ugurda öz­bek gyz­la­ry kü­müş me­dal ga­zan­dy.
Ka­bad­di bäs­le­şik­le­rin­de eý­ran­ly er­kek­dir ze­nan tür­gen­le­re taý ta­pyl­ma­dy. Er­kek­ler­de Gü­nor­ta Ko­re­ýa, ze­nan­lar­da Hin­dis­tan kü­müş me­dal ga­zan­dy.
Spor­tuň öz­bo­luş­ly gör­nü­şi, Tai­lan­dyň mil­li sport­la­ry­nyň bi­ri bo­lan se­pak tak­raw­da tai­land­ly­lar öňe saý­lan­dy. Olar er­kek­le­riň ara­syn­da­ky to­par­la­ýyn jü­büt­ler hem-de to­par­la­ýyn re­gu, şol san­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky to­par­la­ýyn re­gu bäs­le­şik­le­rin­de al­tyn me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ady ag­za­lan ýa­ryş­lar­da de­giş­li­lik­de, Lao­syň hem-de Ma­laý­zi­ýa­nyň, ze­nan­lar­dan bol­sa Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň tür­gen­le­ri kü­müş me­da­ly eýe­le­di­ler. Re­gu ýa­ry­şyn­da-da Ma­laý­zi­ýa fi­nal­da In­do­ne­zi­ýa­dan üs­tün çy­kyp, al­tyn me­da­ly ga­zan­dy.
Ýe­ňil at­le­ti­ka bäs­le­şik­le­rin­de-de 38 al­tyn me­dal paý­lan­dy. 12 al­tyn me­dal alan 2 ýur­duň Hy­taý bi­len Bah­reý­niň ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­la­ry 1-2-nji ýer­le­ri paý­laş­dy­lar. Kü­müş me­dal­lar­da öňe saý­la­nan hy­taý­ly­lar aý­ra­ty­nam er­kek­le­riň ara­syn­da has ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­dy. 4×400 ga­ry­şyk es­ta­fe­ta yl­ga­wyn­da bah­reýn­li og­lan-gyz­lar dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. Mun­dan baş­ga-da er­kek­le­riň ara­syn­da 4×400 metr yl­gaw­da ka­tar­ly­lar Azi­ýa­nyň re­kor­dy­ny goý­dy. Ga­za­gys­tan­ly Ol­ga Ry­pa­ko­wa bu ge­ze­gem al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lup, 4-nji ge­zek Azi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny bol­dy. Üçür­dik­läp bök­me­giň ägir­di ha­sap­lan­ýan Olim­pi­ýa çemp­io­ny Ry­pa­ko­wa Aş­ga­bat 2017-de hem ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Spor­tuň ka­ra­te gör­nü­şin­de 12 al­tyn me­dal gow­şu­ry­lyp, Ýa­po­ni­ýa 4, Eý­ran­dyr Hy­taý Taý­pe­ýi 2, Hy­taý, Ga­za­gys­tan, Ku­weýt hem-de In­do­ne­zi­ýa 1 al­tyn me­dal ga­zan­dy. Ka­ta gör­nü­şin­de er­kek­ler­de-de, ze­nan­lar­da-da ýa­po­ni­ýa­ly ka­ra­te­çi­ler – Rýo Ki­ýu­na bi­len Ki­ýou Şi­mi­zu al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy.
Fut­bol bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da şu gün Gü­nor­ta Ko­re­ýa bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şar. Bü­rünç me­dal ug­run­da­ky oýun­da-da Wýet­nam bi­len BAE öza­ra güýç sy­na­ny­şar.
Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da hy­taý­ly­lar 118 al­tyn, 82 kü­müş, 59 bü­rünç, je­mi 259 me­dal bi­len 1-nji orun­da bar­ýar­lar. 59 al­tyn me­dal alan ýa­pon­lar 2-nji, 44 al­tyn ga­za­nan Gü­nor­ta Ko­re­ýa 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär.
Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
02 сентября 2018

Türkmenistanyñ ýygyndy topary 46 döwletiñ arasynda 32 nji orny eýelediler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05796 sek. ýüklenen baýt: 33993