Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
YKDYSADY KUWWATA SALDAMLY GOŞANT
Ýazylan wagty: 08 сентября 2018 Ýazan NEXTTM
YKDYSADY KUWWATA SALDAMLY GOŞANT

Tebigy gazyň üznüksiz akymy bilen ýurdumyzy ygtybarly üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkan welaýat merkezinde ýerleşýän «Günbatargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylyny mynasyp üstünliklere beslemegi maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler. Şu belent maksada gulluk etmek bilen, olar geçen ýyl sarp edijilere «mawy ýangyjyň» 3 milliard 495 million kubmetrini ýetirip, ajaýyp zähmet üstünligini gazanmagy başardylar.

Döwlet Baştutanymyzyň ata Watanymyzyň baky berkararlygyny pugtalandyrmagyň hem-de merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň hatyrasyna ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işgärleriniň öňünde goýýan ägirt uly wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän müdirligiň hünärmenleridir işçileri magistral geçirijileriň gaz akdyryjy hem-de gysyjy desgalaryny, olarda oturdylan häzirki döwrüň kuwwatly enjamlaryny bökdençsiz işletmek, tebigy ýangyjyň sarp edijilere ygtybarly ugradylmagyny üpjün etmek ugrunda uly işleri alyp barýarlar. 

– Balkan welaýatynyň çägindäki jemi uzynlygy 1 müň 780 kilometrden geçýän ýokary basyşly gaz geçirijileriň ugrundaky paýlaýjy beketleriň tehniki taýdan hemişe ygtybarly işledilmegi hem, ilkinji nobatda, müdirligimiziň ussat hünärmenleridir işçileriniň yhlasly zähmetine bagly bolup durýar. Müdirligiň garamagyndaky ýokary basyşly geçirijiler baýlyk känlerinden alynýan «mawy ýangyjy» welaýatymyzyň çägindäki iri edara-kärhanalara bökdençsiz ýetirmäge hyzmat edýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen Garabogaz şäherinde bina edilýän karbamid zawodyny, şeýle hem Gyýanly şäherçesinde gurulýan polietilen we polipropilen öndürýän täze gazhimiýa toplumyny geljekde «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek biziň baş aladamyz bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Balkan welaýatynyň çäginde ýene-de birnäçe iri taslamalaryň amala aşyrylmagy bellenilen. Ykdysady bähbitli şeýle işlere saldamly goşant goşýan Belek ulgamyny ugrukdyryjy gullugynyň işçileri şu günler ähli gaz geçiriji desgalaryň, enjamlaryň saz işlemegini gazanýarlar.

Tebigy gazy gaýtadan işleýän senagat önümçilikleriniň döredilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň öňünde hil taýdan täze mümkinçiliklere giň ýol açylýar. Bilermenleriň tassyklamagyna görä, Hazar deňziniň türkmen böleginiň gorlarynda 12 milliard tonnadan hem köp nebit we kondensat, 6 trillion kubmetrden hem köp gaz jemlenilendir. Bu çäklerdäki Magtymguly, Diýarbekir we Garagol ýaly känler tejribe-senagat taýdan ulanmaga irgözinden taýýarlanylyp goýuldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýä hil derejesinde senagatlaşdyrmaga tarap alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden aýdyň nyşandyr. 

Merdana hem agzybir halkymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! – diýip, «Günbatargazakdyryş» müdirliginiň Belek ulgamyny ugrukdyryjy gullugynyň başlygy Mämmet Nyýazdurdyýew buýsanç bilen gürrüň berýär.

Hawa, döwrüň ösen talaplaryna laýyk mynasyp işleri bitirýän «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleri üstümizdäki ýyly ýokary zähmet üstünliklerine besleýärler. Muňa müdirlik boýunça şu ýylyň başyndan bäri 500 million kubmetrden gowrak tebigy gazyň sarp edijilere ýetirilmegi-de doly şaýatlyk edýär. 

 Halal zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýdýan kärhananyň gazçylary şu günler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar.

Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05767 sek. ýüklenen baýt: 33717