Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Daşky gurşawy goramak baş maksat
Ýazylan wagty: 08 сентября 2018 Ýazan NEXTTM
Daşky gurşawy goramak baş maksat


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe energiýany howpsuz we tygşytly ulanmaklyga esasy mesele hökmünde seredilýär. Edil şonuň ýaly daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa zyýan ýetirmezden önümçiligi ýokarlandyrmak hem baş maksada öwrülendir. Şol maksatdan ugur alyp, gazy öndürýän, akdyrýan we gaýtadan işleýän toplumlarda hem ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Önümçilikde himiki taýdan çig mal bolup durýan metan, etan, propan, geliý, kükürtli wodorod we beýleki gazlar öndürilende ekologiýa medeniýetiniň talaplaryna uly üns berilýär.

Türkmenistanda ähli amala aşyrylýan işleriň ekologiki taýdan howpsuz geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen olar sertifikatlaşdyrylýar. Olaryň hersinde bellenen ekologiki howpsuzlygyň şertleri berk talap edilýär.

Ekologiki sertifikasiýasy – bu ekologiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça talaplary bellemek we olaryň hökmany ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek bolup, ulgamyň çäginde aşakdaky görkezilen işleriň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar:
– önümçilik desgalarynyň ekologiki sertifikasiýasy;
– ekologiýa sertifikasiýasy we onuň synag-barlag akkreditasiýasy;
– ekspert-auditorlaryň taýýarlanmagy we attestasiýasy;

Ekologiki sertifikasiýasy senagat pudaklarynda bellenen ekologiki talaplaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini kepillendirýär we raýatlaryň amatly daşky gurşawdan peýdalanmagyna hukuklaryny üpjün etmek bilen, ykdysady hukuk mehanizmini döretmek maksadynda geçirilýär. Ekologiki sertifikasiýasynyň maksady depginli mehanizmi, ekologiki howpsuzlygy berjaý etmek boýunça talaplary bellemegi we olaryň hökmany ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi, ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi üçin hukuk we ykdysady täsiri höweslendirmek çärelerini göz öňünde tutmagy öz içine alýar. Monitoringleriň takyk gözegçiligi amala aşyrýan abzallaryň  häzirki döwürde alyp barýan işleri ýurduň senagat önümçiliginde örän wajypdyr. Ekologiýa meselesi bütin dünýäniň global meselesidir, ol hemişe öwrenilýändir we gözegçilik edilýändir.

Tebigaty goramak baradaky taglymat döwlet we jemgyýetçilik çärelerine, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna we dünýäde iň öňdebaryjy tejribä daýanýar we ýurduň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň zaýalanmagynyň öňüni almak, jemgyýetde adamlaryň has gowy we ekologiýa taýdan abadan ýaşamaklaryny, zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny talabalaýyk üpjün etmek wezipelerini özünde jemleýär.

Islendik ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmak töwerekdäki gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmazdan we ilatyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri üpjün etmezden mümkin däl. Ekologiýa syýasaty döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň meseleleri çözülende, ýokary netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Işlenip düzülen maksatnama laýyklykda döwletiň ykdysady, azyk, durmuş, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugurlary aşakdaky ýaly kesgitlenildi:
– ýurduň senagat taýdan ösüşini daşky gurşawy goramaklyk bilen utgaşdyrmak;
– Aral zolagynda ekologiýa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak;
– agyz suwunyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek;
– adam üçin zyýanly maddalaryň hojalyk önümçiliginde ulanyş ölçeglerini berk berjaý etmek, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, zyýanly galyndylaryň howa goýberilmegini azaltmak.

Bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurt derejesinde kanunçylyk binýady üpjün edilendir. Şeýle kanunçylyk binýatlaryna «Tebigaty goramak hakyndaky», «Atmosfera howasyny goramak hakyndaky», «Uglewodorod baýlyklary hakyndaky», «Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hakyndaky» kanunlar we tassyklanan resminamalar anyk mysaldyr. Bu resminamalar diňe bir ekologiýa medeniýetini üpjün etmäge degişli bolman, ykdysady serişdeleriň hereketini hem göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzda senagat düzümlerini ýokary derejede ösdürip, önüm bolçulygyny üpjün etmäge çalyşýan, şonuň bilen birlikde halkyň durmuş taýdan goraglylygyny ýola goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Okalan sany: 8   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05400 sek. ýüklenen baýt: 34356