Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Tebigy gazyň arassalanylyşy
Ýazylan wagty: 08 сентября 2018 Ýazan NEXTTM
Tebigy gazyň arassalanylyşy

Türkmeniň bereketli topragy egsilmez baýlyklary eçilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigy baýlyklarymyzy tygşytly peýdalanmakda, olary eksport etmekde Türkmenistan döwletimiz hem dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny tapýar. 

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň baş gaz geçirijiniň ugrundaky «Derýalyk» önümçilik edarasynda hem tebigy gazymyzy arassalamak, olary daşary ýurtlara akdyrmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Önümçilik edaramyza akym bilen gelýän tebigy gaz ösen tehnologiýalar bilen arassalanyp guradylýar. Bu tehnologiýalar arkaly gazy absorberlere ugrukdyryp, şol ýerde Germaniýanyň, Hindistanyň önümi bolan üç etilen glikony (ETG) tebigy gaza damjalaýyn goýberilýär, onuň netijesinde bolsa bugarma esasynda gaz guradylýar. Şeýlelikde, gazyň düzümindäki himikatlar, çökündiler çöküp, gazalini emele getirýär. Netijede bolsa gazdan gazalin alynýar we himreagent emele gelýär. 

Bu ugurda hünärmenler Maksat Hudaýberdiýew, Aýsenem Saparbaýewa dagy ýadawsyz zähmet çekýär. Olar gazyň himiki barlaglaryny, onuň çyglylygyny, agramyny, dykyzlygyny barlagdan geçirýärler. Himiki barlaglary geçirmekde ABŞ-dan alnan tehnologiýalar önümçilikde has uly ýardam berýär. Gaz ugrukdyryjy desgamyzda ilatly ýerleri gaz bilen üpjün etmekde hem amatly şertler döredilen. Ol ýerde gerbelerde ýörite gazyň gidişini görkezýän, hasaplap durýan abzallar oturdylan. Gaz ilatly ýerlere ugradylmazyndan öň oňa ys beriji serişde goşulýar. Hojalyk hasaplaşyk bölümlerinde gazyň gidişini, akyş tertibini görkezip durýan ýörite kompýuter tehnologiýasynyň oturdylmagy aýratyn bellärliklidir. Gaz gysyjy desgalaryň gaz geçiriji turbalarynda «mawy ýangyjyň» akyşyny görkezip duran döwrebap kompýuter tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy işleriň talabalaýyk gurnalandygyndan habar berýär. 

Ýurdumyzda ylmy ösüşiň berk binýadyny tutan, şeýle ajaýyp desgalary gurup, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. 

Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05596 sek. ýüklenen baýt: 31076