Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GAZÇYLAR HALKYŇ HYZMATYNDA
Ýazylan wagty: 14 сентября 2018 Ýazan NEXTTM
GAZÇYLAR HALKYŇ HYZMATYNDA

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ilkinji iki aýyny üstünlikli jemlediler. Müdirligiň gazçylary Milli bahar baýramyny mynasyp sowgatly garşylap, her bir iş gününi ýokary netijelere besleýärler. 

Demirgazyk welaýatyň ilatynyň hem-de edara-kärhanalarynyň tebigy gaz bilen ýylyň islendik döwründe ýeterlik üpjün bolmagy ugrunda gije-gündiziň dowamynda netijeli işleri alyp barýan müdirligiň işçi-hünärmenleri häzirki döwürde Prezident Maksatnamalaryna laýyklykda, täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmak ugrunda hem uly göwrümli işleri durmuşa geçirýärler. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda müdirligiň  hünärmenleri tarapyndan täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmak maksadynda dürli basyşly gaz geçirijileriniň onlarça kilometri täzeden çekilip, öň bar bolanlarynyň durkuny täzelemek hem-de düýpli abatlamak işleri utgaşykly alnyp baryldy.

Müdirligiň gaz gurluşykçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde bu ugurda badalga alan işler welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalarynda hem dowam edýär. 

Häzirki wagtda welaýatyň obadyr şäherlerinde bar bolan hojalyklara bitewi gaz ulgamynyň on iki müň sekiz ýüz otuz alty kilometrden gowrak ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa dört müň alty ýüzden gowragyna talabalaýyk hyzmat edilýändigini bellemelidir. Bu sanlar hormatly Prezidentimiziň oba özgertmeleriniň we milli Maksatnamalarynyň çäklerinde gurulýan binalaryň hasabyna ýylyň-ýylyna artýar. 

Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07165 sek. ýüklenen baýt: 30108