Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
döwrebap tehnologik usullar önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar
Ýazylan wagty: 14 сентября 2018 Ýazan NEXTTM
döwrebap tehnologik usullar  önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň nebit we nebitgazly känleriniň köpüsiniň ýurdumyzyň günbatar böleginde ýerleşýänligini göz öňüne tutup, türkmen nebitçileri, geologlary senagat derejesindäki bar bolan nebit gorlarynyň täze gatlaklaryny gözläp tapmak we ýurdumyzyň beýleki çäklerinde ýerleşýän sebitleri bilen bir hatarda geologiýa gözleg-barlag işlerini amala aşyrýarlar. Mundan başga-da, çig nebitiň çykarylyşynyň möçberini ýokary depginde saklamak we ony artdyrmak boýunça ulanyş guýularyny nebit çykarmagyň has gowy usullaryna geçirmek, hereketsiz we hereket edýän guýularyň önümçiligini artdyrmaklyga ugrukdyrylan abatlaýyş işlerini geçirmek, has oňat innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly bolan köpugurly çäreleri gün-günden güýçlendirýärler. Dünýäniň dürli ýurtlarynda (Hytaý, Russiýa we başgalar) öndürilen önümçilik ähmiýetli ýörite tehnikalar, buraw desgalary, buraw enjamlarynyň toplumlary muňa mysal bolup biler. Guýularyň özleşdirilmesi kyn bolan gatlaklarynda täze tehnikalaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy özleşdirme işleriniň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi esasy tehniki-ykdysady görkezijileriň hem ýokarlanmagyna getirýär. 

Häzirki wagtda hereketsiz guýularyň gaznasynyň seljermesi esasynda awariýa, ýagny içinde turbalaryň tutulyp galmagy, ulanyş sütüniniň süýşmesi sebäpli tehniki taýdan hereketsiz duran guýularda ikinji sütün goýbermek ýaly işler üstünlikli geçirilýär. Şular ýaly işleriň ýola goýulmagy öň hereketsiz duran guýularyň täzeden işläp başlamagyna ýardam berýär. 

«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça häzirki wagtda guýulara ikinji sütün goýbermek işleri Günbatar Türkmenistanyň iri nebitgaz ojaklary bolan Barsagelmez, Goturdepe we beýleki känleriň guýularynda ýerine ýetirilip, oňat netije görkezýär. Muňa mysal edip, Barsagelmez käninde öň hereketsiz duran 969-njy guýuda, Nebitdag käninde bolsa 606-njy guýuda abatlaýyş işleri geçirilenden soň, bir gije-gündiziň dowamynda çykarylýan nebitiň goşmaça akymy alyndy. Şeýlelikde, bu ýokary tehnologiki usulyň önümçilikde ulanylmagy doýgun gatlaklaryň her bir ulanyş böleginde, öz häsiýetlerine görä, uglewodorodlaryň çykarylyşyny barlamaga, tutuş guýyny we her bir ulanyş gatlagy ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýanyň ykdysady netijeliligi goşmaça nebit we gaz guýularyny burawlamak üçin düýpli maýa goýum çykdajylarynyň azalmagyna getirýändigi bilen subut edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde nebitgaz senagaty ylmyň öňdebaryjy, ýöriteleşdirilen täze, has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edilýär. Kuwwatly desgalara eýe bolan türkmen nebitçileri we gazçylary «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda belent sepgitlere ýetmek üçin halal zähmet çekip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarlar. Goý, ykdysady kuwwatymyzy ösüşlere besleýän milli Liderimiziň jany sag, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!


Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07112 sek. ýüklenen baýt: 32501