Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Medeni merkezler Nesil terbiýesinde möhüm orun eýeleýär
Ýazylan wagty: 14 сентября 2018 Ýazan NEXTTM
Medeni merkezler Nesil terbiýesinde möhüm orun eýeleýär

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine uly üns berilýär. Bu babatda «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylda uly işler alnyp barylýar. Nebitgaz toplumynyň dürli pudaklarynyň zähmet köpçüligi, ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, nebitgaz senagatyndan ýörite orta, ýokary bilim alýan talyplar, okuw mekdepleriniň mugallymlary medeniýet we sungat merkezlerinde bolup, halkymyzyň häzirki döwürdäki ajaýyp durmuşy, geçmiş taryhy, ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly ýadygärlikler, sungat eserleri bilen içgin tanyşýarlar. 

Ýaňy-ýakynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde boldular. 

Muzeýde birnäçe bölümler bolup, olaryň esasylarynyň biri hem «Garaşsyzlyk – baky bagtyýarlyk» bölümidir. Bu bölümde Garaşsyzlygymyzyň beren miwelerinden, bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýetilen sepgitlerden, gazanylan üstünliklerden söhbet açýan dürli sungat eserleri saklanýar. Bu bölümde surat eserleri bilen bir hatarda zergärçilige, amaly-haşam sungatyna, halyçylyga, gobelen we külalçylyga degişli eksponatlar bar.

Muzeýe ýurdumyzyň raýatlary bilen bir hatarda mekdep okuwçylary, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary uly höwes bilen gelip, eksponatlar, olaryň taýýarlanmagyna degişli işleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanýarlar. Eksponatlar talyp ýaşlarda öwrenmäge, bilmäge, şonuň bilen birlikde öz dünýägaraýşyny giňeltmäge, muzeý baýlyklarymyzyň gymmatlyklaryna düşünmäge bolan höwesi döredýär. Gadymy sungat hem-de ilkinji ussat suratkeşler bölümi bilen hem örän köp adam gyzyklanýar. Onda gadymy surat eserleri bilen bir hatarda ilkinji ussat suratkeşlerimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan sungat eserleriniň uly toplumy saklanýar. Bu eserleriň her biri ýaşlarda türkmeniň geçmiş taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär.
Muzeýiň eksponatlaryndan Keýmir Amanowyň «Çelekeniň nebitçileri», Niýazmyrat Dowudowyň «Aşgabat nebitgurluşyk kärhanasynyň işgärleri» «Nebitçiler dynç alyşda» eserleri we halyçylyk sungatynyň inçe syrlary, çitimleriň gürlüginiň halynyň berkligine ýetirýän täsiri, tebigy ösümliklerden boýaglaryň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Şeýle-de, talyplar külalçylyk sungatynyň eserlerini synlap, olar barada pikir alyşdylar. Bularyň özi talyp ýaşlaryň geçmiş taryhymyzdaky halkymyzyň edim-gylymy bilen tanyşmagynyň esasynda öz taryhymyzy öwrenmegine getirýär. 

Welaýatlarymyzyň her birinde taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň täze binalarynyň açylyp, olarda geçmişden we şu döwürden söhbet açýan eserleriň goýulmagy hem türkmeniň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde onuň dünýä çykmagyny nazarlap, amala aşyrylýan işlerdir. Bu işleriň özi nesil terbiýesini kemala getirmekde, geçmiş taryhymyza bolan buýsanjy döretmekde hem möhüm ähmiýetli meselelerdir.

Okalan sany: 4   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05942 sek. ýüklenen baýt: 32077