Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ral­li-reý­de gat­na­şy­jy­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler
Ýazylan wagty: 14 сентября 2018 Ýazan NEXTTM


Ral­li-reý­de gat­na­şy­jy­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler

13-nji sent­ýabr­da “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar üçün­ji du­ral­ga — Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de ýer­le­şen “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy to­par­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­si­ne ta­rap ug­rap, alaň­lar we ta­kyr­lar köp bo­lan ýa­ryş ýo­ly bo­ýun­ça 236 ki­lo­metr geç­di­ler. 

“Amul — Ha­zar 2018” ýa­ry­şy­nyň üçün­ji tap­gy­ry­na gat­na­şan 46 ulag­dan pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup, dä­be öw­rü­li­şi ýa­ly, Na­ni Ro­ma we Aleks Ha­ro gel­di­ler. Is­pan­ly­lar ýo­luň her ara­ly­gyn­da gar­şy­daş­la­ryn­dan bar­ha we bar­ha ara­ny açyp, ara­lyk hem-de umu­my ha­sap­da öň­de bar­ýar­lar. Ýa­ry­şyň şu tap­gy­ryn­da ikin­ji bo­lup pel­le­ha­na 17 mi­nut gi­jä ga­lyp, Aý­rat Mar­de­ýe­wiň KA­MA­ZY gel­di. Eme­li türk­men kö­lü­ne üçün­ji bo­lup, Mi­ros­law Zap­le­tal hem-de onuň ýol­be­le­di Ma­rek Si­ko­ra gel­di­ler. Çe­hi­ýa­dan bo­lan jü­büt umu­my ha­sap­da ikin­ji or­ny eýe­le­ýär. 

“Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­si­ne ge­len­soň­lar, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ry türk­men ar­tist­le­ri mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. Mil­li saz­lar eme­li kö­lüň tö­we­re­gin­de te­bi­ga­tyň mu­ka­my bi­len tä­sin saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar kon­sert­den we mil­li türk­men ta­gam­la­ryn­dan lez­zet al­dy­lar. 

Öň­de tä­ze gün hem-de ýa­ry­şyň tä­ze tap­gy­ry ga­raş­ýar. Oňa gat­na­şy­jy­lar Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gi­ne geç­me­li bo­lar hem-de se­bi­tiň çyl­şy­rym­ly ýer­le­rin­den aş­ma­ly bo­lar­lar. Ýö­ne, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar tä­ze ba­dal­ga gü­nü­ne çen­li dynç al­ýar­lar hem-de aja­ýyp “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li bi­len ta­nyş­ýar­lar. 

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, şol san­da suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak we­zi­pe­le­ri döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­niň äh­mi­ýe­ti­ne oňat dü­şü­nil­ýär. Şol me­se­le­le­ri çöz­mez­den, adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň mun­dan beý­läk­ki dur­nuk­ly ösü­şi­ni göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. 

Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na iş­jeň gat­naş­ýar. Şol tas­la­ma­lar bü­tin adam­za­dy tol­gun­dyr­ýan mö­hüm eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň, ýag­ny suw we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­ri go­rap sak­la­mak hem-de di­kelt­mek, çöl­leş­mä, ýer­le­riň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek, dün­ýä möç­be­rin­de ho­wa­nyň ýy­la­ma­gy, üýt­ge­me­gi ýa­ly me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. 

Bu ul­gam­da ýur­du­myz ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy we beý­le­ki dü­züm­ler bi­len ýyg­jam gat­na­şyk edip, Ýer ýü­zü­niň hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­niň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne bü­tin­dün­ýä eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri­niň baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­ýär. 

“Al­tyn asyr” Türk­men kö­li, ha­ky­kat­dan-da, in­no­wa­sion tas­la­ma bo­lup, ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly umu­ma­dam­zat me­se­le­le­ri çöz­mä­ge uly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Su­wa­ryl­ýan top­rak­la­ryň şor­laş­ma­gy hem-de ýe­ras­ty suw­la­ry sow­mak me­se­le­le­ri bi­len gu­rak zo­lak­da ýer­le­şen ýurt­la­ryň äh­li­si­niň ýüz­be-ýüz bol­ýan­dy­gy hem­mä mä­lim­dir. Eke­ran­çy­ly­gy üs­tün­lik­li alyp bar­ma­gyň hem-de suw­dan peý­da­lan­ma­gyň uly tej­ri­be­si­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­tan bu ul­gam­da yl­my-bar­lag­la­ryň öň­baş­çy­sy bo­lup çy­kyş ed­ýär hem-de beý­le­ki döw­let­le­ri suw me­se­le­si­ne yh­las­ly ga­ra­ma­ga ça­gyr­ýar. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu gid­ro­teh­ni­ki ul­ga­myň il­kin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi 2009-njy ýy­lyň 15-nji iýu­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di. Türk­men kö­lü­niň gur­lu­şy­gy mö­hüm yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri­niň top­lu­my­ny çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

Ga­ra­gum­da el bi­len dö­re­dil­ýän kö­li gur­mak bo­ýun­ça iri möç­ber­li we tä­sin tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy we ne­ti­je­le­ri bi­len yzy­gi­der­li ta­nyş­dy. Ne­ti­je­de, Ga­ra­gum­da kün­jek dö­re­dil­di. Ol çep ke­nar­dan şor suw­la­ryň Amy­der­ýa ak­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär, gel­jek­de bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň su­wa­rym­ly ýer­le­rin­den şor suw­la­ryň bu der­ýa ak­ma­gy­ny do­ly ara­dan aýyr­ma­ga, ila­tyň ho­ja­lyk ze­rur­lyk­la­ry üçin ka­da­ly şert­le­ri we suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga hem-de Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da su­wa­ryl­ýan ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da su­wuň äti­ýaç­lyk go­ry dö­re­dil­ýär. Ony gel­jek­de te­bi­gy taý­dan aras­sa­lan­ma­gy we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ne­ti­je­sin­de oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň ze­rur­lyk­la­ry — suw se­riş­de­le­ri­ni oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, şor suw­la­ry­ny sow­mak we top­ra­gyň şor­laş­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mek, tä­ze ýer­le­ri öz­leş­dir­mek, öri meý­dan­la­ry gi­ňelt­mek, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri su­war­mak, teh­ni­ki ze­rur­lyk­lar üçin peý­da­la­nyp bo­lar. Gel­jek­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi eme­le ge­len suw gi­ňiş­li­gi­ni hem-de so­wu­jy zeý aka­ba­la­ry­ny ba­lyk se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek üçin peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer, köp ba­bat­da ýur­du­my­zyň how­dan ho­ja­lyk­la­ryn­da ba­lyk­çy­lyk se­na­ga­ty­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer. 

Gu­şu­çar be­lent­lik­den ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe ýyl­da zeý aka­ba­la­ryň ug­run­da­ky ýer­le­riň ta­nal­maz de­re­je­de öz­ge­ren­di­gi aý­ra­tyn gö­ze il­ýär. Şol ýer­ler­de az mi­ne­ral­ly suw­lar bi­len su­war­mak üçin ýa­ram­ly bo­lan köp gu­mak ýer­ler bar. Ozal­lar bu ýer­ler­de di­ňe alaň­lar bo­lup­dy, hä­zir bol­sa ýa­şyl zo­lak­la­ry peý­da bol­dy, köl­le­riň özün­de bol­sa ba­lyk­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­niň peý­da bo­lan­dy­gy ha­sa­ba alyn­dy. Mal­dar­çy­lyk hem, şol san­da çö­lüň köp bö­le­gi­niň suw­lu­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň, öri meý­dan­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­niň ha­sa­by­na ösü­şin­de goş­ma­ça iter­gi al­dy. 

Hä­zir “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň iş­le­me­gi Mer­ke­zi we Gün­do­gar Ga­ra­gum­da zeý aka­ba­la­ry­nyň ul­ga­my­nyň tö­we­rek­le­rin­de gö­çüp-gon­ýan guş­lar üçin tä­ze oňyn eko­lo­gi­ýa we iým şert­le­ri­ni dö­red­ýär, Da­şo­guz sow­ma aka­ba­sy­nyň ha­na­sy­nyň ug­run­da ýer­le­şen köl­ler bol­sa suw­luk-bat­ga­lyk ýer­ler­de mes­gen tu­tan ör­dek­le­ri, gaz­la­ry, sa­kar­ba­lak­la­ry, jüb­ten­le­ri, çu­luk­la­ry we beý­le­ki guş­la­ry özü­ne çek­ýär. 

Bu ýer­de eý­ýäm hö­würt­ge­le­mek we gyş­la­mak üçin tä­ze ýer­le­riň en­çe­me­si peý­da bol­dy. Ga­ra­gu­muň mer­ke­zi bö­le­gi­niň suw­lu­lan­dy­ryl­ma­gy seý­rek duş­ýan toý­nak­ly haý­wan­la­ryň — üst­ýurt dag goý­nu­nyň, gu­lan­la­ryň, je­ren­le­riň kö­pel­me­gi­ne oňat tä­sir ed­ýär. Şol jan­dar­la­ryň kö­pü­si Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Köl­le­riň ke­nar­la­ryn­da mes­gen tut­ýan haý­wa­nat dün­ýä­si­niň we­kil­le­ri­niň sa­ny hem art­ýar. 

Ga­ra­gum­da ösüm­lik dün­ýä­si­niň 293 gör­nü­şi­niň, şol san­da ösüm­lik­le­riň 210 gör­nü­şi­niň ös­ýän­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Şo­la­ryň kö­pü­si be­je­riş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly düýp­li yl­my işin­de be­ýan edil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň tä­sin zo­lak­la­ry­ny go­rap sak­la­mak hem-de dün­ýä­de wa­gyz et­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ony ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça mö­hüm iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len “Be­re­ket­li Ga­ra­gum” tä­ze döw­let go­rag­ha­na­sy­ny hem şu we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Ol Ga­ra­gu­muň ekoul­ga­my­nyň il­ki­baş­ky we bi­raz üýt­gän gör­nüş­le­ri­ni yl­my esas­da go­rap sak­la­mak, çöl we ýa­rym çöl zo­lak­lar­da go­rag­ha­na işi­niň esas­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, bu ul­gam­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek ba­bat­da nus­ga bo­lar. 

“Amul — Ha­zar 2018” ral­li-reý­di­ne gat­na­şy­jy­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­sin­den ýa­ryş ýo­lu­nyň dör­dün­ji bö­le­gi bo­ýun­ça “Sport meý­dan­ça­sy” dü­şel­ge­si­ne ýo­la dü­şer­ler. Bu dü­şel­ge eme­li köl­den 409 ki­lo­metr­lik­de, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky Ga­myş­ly­ja di­ýen be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Bu tap­gyr­da ýa­ry­şyň geç­me­li ýo­ly 244 ki­lo­met­re deň­dir. 

Bu tap­gyr­da-da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ra ýe­ne-de sy­nag ga­raş­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ha­zar­ýa­ka se­bi­tin­de Ga­ra­gu­muň çä­ge­si­niň aý­ra­tyn fi­zi­ki hä­si­ýet­le­re eýe­di­gi­ni, mu­nuň bol­sa sü­rü­ji­den tiz­li­giň kes­git­li bir ýag­da­ýy­ny saý­la­mak ba­şar­ny­gy­ny ta­lap ed­ýän­di­gi­ni sy­nag ýa­ryş­la­ry döw­rün­de bel­le­di. 

Şeý­le kyn­çy­lyk­la­ra ki­miň höt­de ge­lip bil­jek­di­gi­ni no­bat­da­ky tap­gy­ryň ne­ti­je­le­ri gör­ke­zer.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06881 sek. ýüklenen baýt: 43791