Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Tòññe-tõññe milli oÿun
Ýazylan wagty: 27 сентября 2018 Ýazan Mayichka
TÖŇŇE – TÖŇŇE Oýnuň oýnaljak ýeri: Oýun sport meýdançalarynda ýa-da sport öýünde oýnalýar. Oýna taýýarlyk: Oýna 20-den 30-a çenli oýunçy gatnaşyp biler. Oýny oýnamak üçin giňligi 5-6 metr bolan tegelek çyzyk çyzylýar. Şol tegelek çyzyk pellehana hasaplanýar. Pellehananyň ölçegi oýunçylaryň sanyna görä, üýtgäp biler. Oýunçylar bije atmak bilen bir oýunçyny töňňe saýlaýarlar. Galan oýunçylar döwçi bolýarlar. Olar hem özlerine öňbaşçy saýlaýarlar. Oýnuň oýnalyşy: Töňňe bolan pellehanadan birneme daşlaşyp, çommalyp, kellesini egip, eli bilen içinde durýarlar. Öňbaşçy öz döwçülerine: „Ýörüň, çöpleme çöplemäge gideliň!“ diýip, olara ýüzlenýär. Döwçüler töwerege ýaýrap, eglip-galyp, çöpleme çöplän bolýarlar. Çöpleme çöpläp ýören döwçiniň biri töňňäniň üstünden baryp: „Men töňňe tapdym, geliň göterşiň“ diýip, beýleki döwçüleri çagyrýar. Döwçüleriň hemmesi gelip, töňňäniň elinden, aýagyndan tutup, göterip, pellehana getirýärler. Döwçüler töňňäni pellehanada goýup, ýene-de töwerege ýaýrap töňňeden gözlerini aýyrman, çöpleme çöplän bolýarlar. Döwçüler mazaly töwerege ýaýranlaryndan soň, töňňe döwçüleri pellehana girizmän, kowalap tutmaga synanyşýar. Eger töňňe döwçüleriň birini tutsa, tutulan töňňe bolýar we oýun täzeden dowam edýär. Döwçüleriň hiç biri hem töňňä tutdurman, pellehana girseler, onda öňki töňňe ýene-de töňňeligine galýar. Oýnuň düzgünleri: Töňňäni göterip, pellehana eltmäge hemme döwçüler gatnaşmaly. Eger ýer bolmasa, onda töňňäni ýere gaçyrman, beýleki döwçüler bilen çalyşmaly. Töňňe getirilen mahaly hiç hili garşylyk görkezmeli däl. Töňňäniň tutan döwçüsi oňa boýun egmeli, bidüzgünçilik etmeli däl.
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12825 sek. ýüklenen baýt: 29628