Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ykdysady maglumatlar we informasiýalar barada düşünjeler, olaryň düzümi, görnüşi, ölçenilişi
Ýazylan wagty: 27 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Ykdysady maglumatlar we informasiýalar barada düşünjeler, olaryň düzümi, görnüşi, ölçenilişi Informatika we informasiýa tehnologiýalary dersi informasiýalar, olaryň ýygnalyşy, ýatda saklanylyşy, işlenip taýýarlanylyşy hem-de kompýuter tehnikalarynyň kömegi bilen aňlatmak baradaky ylymdyr. Informatika kompýuterler hem-de informasion ulgamlar bilen iş salyşýar. Informatikada maglumatlar, informasiýalar we bilimler esasy düşünjeler bolup durýar. Maglumat düşünjesi data diýen latyn sözünden gelip çykyp fakt – bolan zady aňladýar. Informasiýa düşünjesi information diýen latyn sözünden gelip çykyp düşündirmäni, beýan etmäni aňladýar. Informatikada maglumatlar kesgitli maglumat göterijide bellige alnan, ýatda saklamaga, ibermäge we işläp taýyarlamaga ýaramly habarlaryň toplumy bolup durýar. Informasiýa bolsa maglumatlaryň özgerdilişiniň we derňelişiniň netijesidir. Maglumatlardan tapawutlylykda informasiýa anyk meseleler cözülende maglumatlary işläp taýýarlamagyň netijesidir. Informasiýany adamzady daşky gurşawyndaky obýektler we hadysalar baradaky kesgitsizligiň derejesini azaldýan ululyk hökmünde hem seretmek mümkin. Informasiýa bilen obýektleriň we hadysalaryň parametrleri, häsiýetleri we ýagdaýlary beýan edilýär. Informatikada bilim düşünjesi işläp taýýarlanyp bellige alnan hem-de tejribede barlanyp görlen informasiýa bolup durýar. Bilim durmuşda çözgüdi kabul etmek üçin zerurlykdyr. Bilim akyla degişli gymmatlykdyr. Bilim kitaplar, gazet-žurnallar, radio-teleýaýlymlar, okatmak üsti bilen köpçülige ýetirilýär. Edara, kärhanalarda we guramalarda işleýän hünärmenler bilimiň anyk ugurlaryndan hünärmendirler, olaryň bilimi we toplan tejribesi gündelik ýüze çykýan meseleleri dogry çözmekde zerurdyr. Bar bolan informasiýalara daýanyp mümkin bolan çözgütleri saýlamaga durmuşda çözgüdi kabul etmek diýilýär. Informasiýa düşünjesi signal, habar we maglumatlar düşünjeleri bilen arabaglanyşykly bolup durýar. Signal sözi signum diýen latyn sözünden gelip çykyp informasiýany özünde saklaýan islendik prosesdir. Habar – kesgitli görnüşde aňladylyp ibermek üçin niýetlenilen indormasiýadyr. Maglumatlar – formallaşan görnüşinde aňladylyp, tehniki serişdelerde işläp taýýarlamak üçin niýetlenilen informasiýalardyr.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07153 sek. ýüklenen baýt: 30845