Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bizi gyzyklandyrýan obýektler baradaky kesgitsizligi aýyrýan, saklamaga, işläp taýýarlamaga we geçirmäge niýetlenen maglumatlar - informasiýadyr
Ýazylan wagty: 27 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Bizi gyzyklandyrýan obýektler baradaky kesgitsizligi aýyrýan, saklamaga, işläp taýýarlamaga we geçirmäge niýetlenen maglumatlar - informasiýadyr Informasiýanyň kesgitlemesinden görnüşi ýaly ol kesgitlenmeli, görnüşleri we häsiýetleri anyklanmaly, kodlanmaly, ölçenilmeli, göterijilerde ýerleşdirilmeli, olaryň shemasy aşakdaky suratda getirilendir. 1 Signal, habar, maglumatlar düşünjeleri informasiýa düşünjesi bilen ýakyn baglydyrlar. Maglumatlar – bu formallaşdyrylan görnüşde we tehniki serişdeleriň kömegi bilen täzeden işlemäge niýetlenen ýa-da işlenen informasiýalardyr. Habar – bu kesgitli formada aňladylan we aralyga berilmäge niýetlenen informasiýadyr. Signal - bu informasiýany göteriji islendik prosesdir. Meselem, telegraf boýunça berlen telegrammanyň teksti - bu habardyr. Mazmuny - informasiýadyr. Telefon sim boýunça gelen elektrik togy - signaldyr. Informasiýalary üznüksiz we diskret(üznükli) görnüşlerde aňladyp bolar. Informasiýalar köplenç signallar görnüşünde bolanda, olarda her-hili fiziki prosesler ulanylyp bilner. Mysal üçin, simde elektrik togunyň akyşynyň prosesi, jisimleriň ýerlerini mehaniki üýtgediş prosesi, ýagtylygyň ýaýraýyş prosesi we ş.m. Informasiýa fiziki prosesiň(signalyň) bir ýa-da birnäçe parametrleriniň, şeýle hem birnäçe parametrleriniň utgaşdyrylan bahalary bilen aňladylyp bilner. Islendik prosesde informasiýalar signallaryň bahalary görnüşünde aňladylýar. Informasiýa üznüksiz – analog bolanda onuň fiziki ululugynyň bahasy tükeniksiz köplügi kabul edýär hem-de onuň bahasy üznüksiz üýtgäp durýar. Informasiýa diskret - sanly aňladylanda, onuň fiziki ululugynyň bahalary gutarnykly köplügi kabul edýär hem-de onuň bahasynyň ululugy bökýän görnüşde üýtgeýändir.
Okalan sany: 36   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05370 sek. ýüklenen baýt: 30431