Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Senagatlaşan jemgyýet
Ýazylan wagty: 27 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Senagatlaşan jemgyýet.
XVII asyrdan başlap önümçiligi maşynlaşdyrmak adamzadyň esasy işjeňligi boldy.Ilki bilen ýeliň we suwuň energiýasy (suw, ýel harazlary) döredilip başlan bolsa XVIII asyryň ortasynda bug maşynlary oýlanyp tapyldy, XIX asyryň soňunda maşynlarda ulanylýan motorlar oýlanyp tapylyp, adamzadyň öňümçiligine we durmuşyna ornaşdyrylyp başlandy. XIX asyrda elektrik energiýa eýe bolmak bilen elektrogeneratorlar hem-de elektrodwigateller oýlanyp tapyldy. XX asyryň ortalaryndan başlap atom elektrik stansiýalary köpçülikleýin işe girizilip başlandy. Adamzadyň energiýa eýe bolmagy isleg bildirilýän harytlary maşynlaşan önümçilikde köpçülikleýin öndürülip başlanmagyna getirdi. Adamzadyň energiýany ele almak göreşi döwründe informasiýlary ýatda saklamakda we ibermekde düpgöter üýtgeşmeler bolup geçdi. Adamzadyň ýazuwly taryhynda informasiýalar daşa-kerpije ýazylan bolsa, kagyzyň oýlanyp tapylmagy, onuň esasy informasiýa göteriji bolmagyna alyp geldi we şu gün hem şeýle bolmagynda galýar. Gündogrda informasiýalar gol bilen kagyza geçirilip dikilip kitap görnüşinde ýatda saklanypdyr. XV ýylda kitap çap etmek işiniň oýlanyp tapylmagy bilen özünde ynsanlar üçin informasiýa saklaýan kitaplary köpçülige elýeter etmek işiniň başy başlanýar. XIX asyryň soňunda telegrafyň we telefonyň oýlanyp tapylmagy informasiýalary uzak aralyga berilmek we kabul etmek ýola goýuldy. XX asyrda elektromagnit tolkunlarynyň ýaýramagyna esaslanýan radionyň we telewideniýeniň adamzada elýeter edilmegi bilen informasiýalaryň ýer togalagynyň ähli yklymlaryndaky ähli ynsanlara elýeter bolmagyna, admzadyň ýaşaýyş medeniýetine öwrüldi.
Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05736 sek. ýüklenen baýt: 29950