Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Informasiýa jemgyýeti
Ýazylan wagty: 27 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Informasiýa jemgyýeti.
Senagat serişdeleriň kämilleşmegi bilen XIX asyryň ortalaryndan başlap informasiýalary awtomatlaşdyryp işläp taýýarlaýan maşynlar döredilip başlandy (Bebbijiň analitik maşyny, Hollertiň tabulýatory). XX asyryň ortasyndan başlap informasiýalary işläp taýýarlamagyň we ýatda saklamagyň elektron serişdeleri döredilip başlandy (ilki bilen elektron hasaplaýyş maşynlary (EHM), soňra personal kompýuter) hemde adamzat senagatlaşan jemgyýetden informasiýa jemgyýete ýuwaş-ýuwaşdan geçip başlady. Informasiýa jemgyýetiň esasy resursy informasiýalar bolup, kim informasiýalaryň eýesi bolsa, ol özüniň işjeňligini netijeli gurap biler. Jemgyýet üçin gerek önümleri köp öndürmek geregem bolsa olary kesgitli wagtda, kesgitli çykdajylar bilen gereklilerini öndürmegi bilmek örän zerur işdir. Şonuň üçin hem informasiýa jemgyýetde sarp edilişiniň hili gowulaşman eýsem, önüm öndürülişiniň hili ýokarlanýar. Önümçilikde informasiýa tehnologiýalary ulanylsa zähmet şertleri gowlaşýar, zähmet döredijilikli, intelektual häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda ösen ýurtlaryň köpüşi informasiýa jemgyýetinde ýaşaýan ýaşaýjylar hasaplanylýar. Ösen informasiýa jemgyýetiň esasy nyşanlaryny şulardyr: Döwletde ulanylýan kompýuteriň mukdary; Kompýuter torlaryň ösüşiniň derejesi; Informasiýa sfera bilen iş salyşýan ilatyň mukdary; Gündelik işinde informasiýa we kommunikasiýa tehnologiýalary peýdalanýan ilatyň mukdary. Kompýuterleriň öndürülişi. Berlen programma boýunça uly möçberli informasiýalar işläp taýýarlaýan ilkinji elektron hasaplaýyş maşynlary (EXM) 1946-njy ýylda ABŞ-da öndürilip başlandy. XX asyryň 40-60-njy ýyllarynda önürülen EXM-leriň möçberi uly, bahasy gymmat, olaryň her biri bir sany, 10 sany, has gowulary ýüze ýakyn öndürildi. Sonuň üçin hem olar köpçülige elýeter däldi. XX asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalaryna köpçülükleýin öndürülip, elýeter bahadan teklip edilýän personal kompýuterler, önümçilikde we dolandyryşda uly özgerişliklere alyp geldi. 80-nji ýyllardan başlap, standart hökmünde köpcülikleýin öndürlip başlanan “IBM Personal Computer” ähli personal kompýuter öndürijilere nusga boldy. Olaryň öndürlişi ýylda ilki ýüz müňlerçe bolan bolsa şu ýyllar ýüzlerçe millonlara baryp ýetýär. Personal kompýuterleriň her ýyl kuwwatynyň artmagy bilen onuň satylyş nyrhy peselýär, netijede her bir iş ýere we maşgala personal kompýuter elýeter ýagdaýa öwrüldi.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06284 sek. ýüklenen baýt: 30353