Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Personal kompýuterleriň huşy
Ýazylan wagty: 27 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Personal kompýuterleriň huşy
Personal kompýuterleriň huşy ýa-da ýatda saklaýan gurluşy maglumatlary saklamak üçin niýetlenilendir. Ýatda saklaýan gurluşyň esasy ýerine ýetirýän işi maglumatlary okamak we ýazmakdyr. Ol işlere bilelikde huşa ýüz tutmak diýilýär. Huşyň iň wajyp häsiýetnamasy onuň sygymy we oňa girmäge bolan wagtdyr. Operatiw huşyň ýatda saklaýjy elementi hökmünde häzirki wagtda uly integral mikroshemalar ulanylýar. Operatiw huşuň düzümi häzirki wagtda SIMM (Single In line Memory Module)-daşlykda ýerine ýetirilýär. Soňky wagtlarda onuň DIMM, FPM DRAM, EDO DRAM, SD RAM ýaly görnüşleri peýdalanylyp başlandy. Huş üçin integral mikroshemalar ýokary tehnologiýanyň önümidir. Olar ýaponiýanyň, koreýanyň, amerikanyň we ýewropanyň firmalary tarapyndan köp bolmadyk möçberde öndürýär. Has köp ulanylýan kompýuter maksatnamalary üçin operatiw huşyň möçberine bolan talaplar bardyr. WINDOWS 95 operasion ulgam üçin operatiw huşyň iň kiçi möçberi 8 Mbaýtdan kiçi bolmaly däldir. WINDOWS 98 üçin bolsa şu talap 16 Mbaýtdan kiçi bolmaly däldir. Häzirki köpçülikleýin ulanylýan PK-laryň operatiw huşy 32 Mbaýtdan 512 Mbaýta we ondanam köpüräk bolup bilerler. Häzirki zaman PK-larda hemişelik ýatda saklaýjy gurluş /HÝSG/ bardyr, olara iňlisçe ROM /Read Only Memory/ diýilýär. Bu huşyň möhüm işi BIOS-y/Basic Input Output System – giriş-çykyşyň ulgamlaýyn bazasy-GÇUB/ saklamakdyr. BIOS kompýuter maksatnamalary ulgamlaýyn platanyň arhitekturasyna bap gelmegini üpjün edýär we kompýuteriň töwerekleýin gurluşlarynyň giriş-çykyş maksatnamalarynyň toplumyny özünde saklaýar. Bulardan başgada HÝSG kompýuteri barlamagyň maksatnamasyny-POST /Power On Self-Test/ özünde mydama saklaýar, ondan başgada diskden operasion ulgamy ýükleýiş işini ýerine ýetirýän başlangyç ýükleýiş maksatnamasyny mydama saklaýar. Adatça BIOS mikroshemada saklanylýar we ol mikroshema öndürilen wagty oňa maglumatlar ýazylýar. Onuň üçinem ol huş diňe okamak üçindir. Oňa düzediş girizmek çetin işdir, ýöne elektrik ýa-da ultramelewşe şöhle bilen ondan maglumatlary aýyryp bolar.
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09355 sek. ýüklenen baýt: 29992