Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Ilkinji ÿolyşyklar
Ýazylan wagty: 30 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Il­kin­ji ýo­ly­şyk­la­r en­tek aw­tou­lag­la­ryň ýok wag­ty, iri şä­her­ler­de gat­na­wyň dü­ýä, ýa­ba, eşe­ge go­şu­lan ara­ba­lar bi­len ama­la aşy­ryl­ýan döwürleri peý­da bo­lup­dyr. Bu ýo­ly­şyk tok bi­len däl-de, gaz bi­len iş­le­ýän eken. Fo­nar gör­nüş­li yşyk gy­zyl we ýa­şyl reňk­li bo­lup­dyr. Or­ta­da ýa­nyp du­ran oduň da­şyn­da­ky ga­ba­ra­ny aý­la­mak ar­ka­ly onuň reň­ki­ni saz­lap­dyr­lar. De­mir ýol in­že­ne­ri Jon Pik Naý­tyň dö­re­den bu en­ja­my 1868-nji ýy­lyň ahy­ryn­da Lon­don­da par­la­ment bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki çat­ryk­da ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ony el bi­len iş­let­me­li eken. Bir aý çe­me­si ula­ny­lan bu ýo­ly­şy­gyň gy­zyp ot al­ma­gy bi­len onuň ula­ny­ly­şy bes edi­lip­dir. 1890-njy ýyl­la­ryň ahy­ryn­da uly şä­her­ler­de ara­ba­la­ryň, we­lo­si­ped­çi­le­riň we py­ýa­da­la­ryň he­re­ke­ti­ni saz­la­mak üçin tä­ze çöz­gü­de ze­rur­lyk duý­lup baş­lan­ýar. Ernst Sir­rin iş­läp dü­zen ýo­ly­şy­gy üçin 1910-njy ýyl­da pa­tent al­ýar. Onda “Sak­lan” (STOP) we “Do­wam et” (PROCEED) ýaz­gy­ly iki göz­ bo­lup­dyr.Gar­rett Mor­gan at­ly ame­ri­ka­ly in­že­ner hem ýol he­re­ke­ti­ni saz­la­ýan ul­ga­my iş­läp düz­ýär. 1914–1923-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da öz açy­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin bir­nä­çe usu­ly bar­lap gör­ýär. Ahy­ryn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýo­ly­şy­gyň pa­ten­ti­ni al­ýar. Hä­zir­ki ýo­ly­şyk­la­r Mor­ga­nyň açy­şy­na meň­ze­ýär. Onuň dö­re­den iki göz­li (gy­zyl we ýa­şyl) ýo­ly­şy­gy­na gys­ga wagt­da duý­du­ry­jy sa­ry göz hem go­şu­lyp­dyr. Mor­gan bu açy­şy­ny has öň­räk­den bä­ri de­mir ýol­lar­da ula­nyl­ýan “T” har­py­na meň­zeş ul­ga­ma meň­ze­dip ýa­sap­dyr. Gys­ga wagt­da ýo­ly­şy­gyň bu gör­nü­şi dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na ýaý­rap­dyr. Alym bu pa­ten­tiň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny 1963-nji ýyl­da “Ge­ne­ral Electric” kom­pa­ni­ýa­sy­na sat­ýar.Il­kin­ji elekt­rik ener­gi­ýa­ly ýolyşyk 1914-nji ýyl­da ABŞ-nyň Oga­ýo şta­ty­nyň Kliw­lend şä­he­rin­de peý­da bol­ýar. “Ame­rican Traf­fic Sig­nal Co.” şe­re­ke­ti­niň ön­dü­ren 5 met­rlik sütüne ýerleşdirilen yşy­k iň gat­naw­ly çat­ry­ga goýulýar. On­da gy­zyl yşyk “Dur!”, ýa­şyl yşyk “ýö­re” diý­me­gi aň­lad­ypdyr. Reňk­le­riň ça­lyş­jak­dy­gy bol­sa, ses bi­len duý­du­ryl­ýar­dy. 1923-nji ýyl­da Pa­riž­dä­ki iň köp gat­naw­ly kö­çä­niň çat­ry­gyn­da hem şeý­le ýo­ly­şyk peý­da bol­ýar.1926-njy ýyl­da bol­sa, il­kin­ji aw­to­ma­tik ýo­ly­şyk­la­r iş­läp baş­la­ýar.Beý­le­ki reň­kiň nä­çe wagt­dan ýan­ja­gy­ny gör­kez­ýän san­ly ýo­ly­şyk­lar bol­sa, 1990-njy ýyl­lar­da il­ki pyýa­da­lar üçin dö­re­dil­ýär. Soň­lu­gy bi­len, aw­tou­lag­lar üçin hem şeý­le ýo­ly­şyk­lar iş­le­nip dü­zül­ýär.As­lyn­da, ýo­ly­şyk de­mir ýol ul­ga­myn­dan has ir peý­da bol­ýar. 1830-njy ýyl­lar­da de­mir ýol gat­naw­la­ryn­da duý­du­ry­jy reň­ki ýa­şyl, “he­re­ket et” reň­ki ak bo­lan ýo­ly­şyk­la­r ula­ny­lyp­dyr. Bel­li bir wagt­dan soň­ra ak reňk ada­ty ýag­ty­lan­dy­ry­jy çy­ra­lar bi­len ga­ryş­dy­ry­lyp baş­la­nyp­dyr. Üs­te­si­ne “Dur!” diý­me­gi aň­lad­ýan gy­zyl çyra hem so­lup, agar­ýan­dy­gy üçin me­se­le has hem ula­lyp­dyr. Şol se­bäp­li de­mir ýol­la­ryn­da hem gy­zyl – “Dur­mak”, ýa­şyl – “ýö­re­mek” we sa­ry duý­du­ry­jy reňk hök­mün­de ula­ny­lyp baş­lan­ýar.Bu üç reň­kiň saý­la­nyp alyn­ma­gy­nyň se­bä­bi ola­ry saý­gar­mak beý­le­ki reňk­le­re ga­ra­nyň­da has aň­sat.
Okalan sany: 53   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11986 sek. ýüklenen baýt: 32373