Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Şahsy gigiÿenamyz
Ýazylan wagty: 30 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Sag­ly­gy­myz üçin şah­sy aras­sa­çy­ly­gy­my­za üns ber­ilme­li­di­gi­ hem­mä­mi­ze mä­lim­dir. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri peý­da­la­nyl­ýan aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň bi­ri hem sa­byn­dyr. Eý­sem, sa­byn be­de­ni­miz­dä­ki ki­ri nä­dip aýyr­ýar­ka?! As­lyn­da, sa­by­nyň mik­ro­by ýok edi­ji hä­si­ýe­ti ýok. Adat­ça, de­ri­miz­de gu­ran der, dür­li bak­te­ri­ýa­lar, be­de­ni­miz­den çy­kan ýag­lar we to­zan bol­ýar. Sa­byn kö­pür­jik­le­ri ola­ryň de­ri­miz­den aý­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Suw bi­len ýa­gy (is­len­dik gör­nü­şi­ni) şol bir ga­ba guý­sa­ňyz, bir-bir­i­ne ga­ryş­ma­ýan­dy­gy­ny gö­rer­si­ňiz. Se­bä­bi, suw we ýag mo­le­ku­la­la­ry bir-bi­ri­ni it­ýär. Eli­miz diňe suw bi­len ýuw­lan­da, de­ri­dä­ki ýag gat­la­gy su­wuň de­rä deg­me­gi­ne päs­gel­çi­lik ber­ýär we ta­la­ba­la­ýyk aras­sa­çy­lyk bol­ma­ýar. Sa­byn köpürjigi ýa­gy we onuň ýü­zün­dä­ki äh­li ki­ri aýyr­ýar. Sa­by­nyň ylym dün­ýä­si­ne mä­lim bo­lan ta­ry­hy 2000 ýyl­dan hem gow­rak­dyr. 4000 ýyl ozal bol­sa, kä­bir ösüm­li­giň kü­lü­niň aras­sa­çy­lyk üçin peý­da­la­ny­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Sa­byn äh­li dö­wür­­de-de ar­zan we aň­sat­lyk bi­len ta­pyl­ýan zat­lar­dan taý­ýar­la­nyp­dyr. Rim­li­ler sa­by­ny hek da­şy­ny gyz­dy­ryp, ony aga­jyň kül­le­ri bi­len ga­ryş­dy­ryp­dyr­lar. Eme­le ge­len çal reňk­li ha­my­ra ýag gu­ýup, ony bir­nä­çe sa­gat gaý­na­dyp­dyr­lar. Şonuň ne­ti­je­sin­de go­ňur reňk­li ga­ty sa­byn eme­le ge­lip­dir. Ol ke­si­lip, aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr.Her sa­byn­da aş­gar mad­da­sy we ýa­gyň go­şun­dy­sy bar. Hä­zir­ki wagt­da aş­gar hök­mün­de he­kiň ýe­ri­ne ka­us­tik mad­da­sy ula­nyl­ýar. Şeý­le hem sy­gyr­dan, go­ýun­dan al­nan doň ýag­lar, hur­ma, pag­ta we zeý­tun ýag­la­ry ula­nyl­ýar. Sa­byn mo­le­ku­la­la­ry­nyň bir ujy ýa­gy, beý­le­ki ujy su­wy özü­ne çek­ýär. El­le­ri­mi­zi ow­ka­la­ny­myz­da ýag we de­ri­miz­dä­ki kir bi­len bi­le­lik­de bak­te­ri­ýa­lar hem bö­lün­ýär. Sa­byn mo­le­ku­la­la­ry bu ýag­ly kir­le­ri gur­şap alyp, suw bi­len bi­le­lik­de de­ri­miz­den aý­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, sa­by­nyň dü­zü­min­de kä­bir go­şun­dy­lar – reňk­len­di­ri­ji­ler, hoş­boý ys­lar, bak­te­ri­ýa aý­ry­jy mad­da­lar bar. Aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si­ne ka­us­tik ýe­ri­ne ka­li­niň go­şul­ma­gy bi­len su­wuk sa­byn taý­ýar­lan­ýar.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05543 sek. ýüklenen baýt: 30608