Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Maşkyñ ÿatkeşlige peÿdasy
Ýazylan wagty: 30 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Fi­zi­ki he­re­ke­tiň di­ňe bir be­den sag­ly­gy­ny däl-de, eý­sem şol bir­wag­tyň özün­de öw­ren­mek uky­by­ny hem ös­dür­ýän­di­gi yl­my iş­le­riň ne­ti­je­sin­de bir­nä­çe ge­zek su­but edil­di. My­sal üçin, 2010-njy ýyl­da ka­na­da­ly alym­lar Do­nald H. Pe­ter­son we Dar­ren War­bur­ton ge­çi­ri­len 66 yl­my barlag iş­ini jem­läp, ola­ryň äh­li­sin­de hem sport bi­len öw­ren­mek uky­by­nyň ara­syn­da bag­la­ny­şy­gyň bar­dy­gy­ny ýü­ze çy­ka­ryp­dyr­. Oňa la­ýyk­lyk­da yl­my bar­lag­la­ryň  71 %-iniň ne­ti­je­si­ne gö­rä, gys­ga wagt­lyk hem bol­sa, yzy­gi­der­li maş­k etmegiň öw­ren­mek uky­by­ny art­dyr­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. 2013-nji ýyl­da “Neu­roscience and Bio­be­havio­ral Reviews” žur­na­lyn­da ne­şir edi­len we 50 yl­my barlag işiniň sel­jer­me­si­ne gö­rä, ýö­re­mek, yl­ga­mak, ýüz­mek, we­lo­si­ped sür­mek ýa­ly hereketleriň ýat­keş­li­gi ösdürýändigi aý­dyl­ýar. Mis­sis­sip­pi uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň go­laý­da “Psycho­lo­gical Re­ports” žur­na­lyn­da ne­şir edi­len ma­ka­la­syn­da tä­ze zat öw­re­nil­me­gi­niň öň ýa­ny edi­len maş­kyň ýat­keş­li­gi art­dyr­ýan­dy­gy aý­dyl­ýar.
Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06240 sek. ýüklenen baýt: 29587