Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türgenleşik maksatnamasyny saýlamak
Ýazylan wagty: 30 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Meşgullanýanlaryň ýaşyna we beden taýdan taýýarlyk derejesine laýyklykda taýýarlanan maksatnama boýunça ylgamak hökmany hasaplanylýar. Öň işjeň hereketi bolmadyk täze gelenler üçin türgenleşikleri ylgawdan başlamak maslahat berilmeýär. Şeýle ýagdaýlarda, aýratyn-da uly ýaşlylarda ýöriş maksatnamalaryndan başlamaly we diňe gowy beden ýagdaýyny gazananyndan soň, ylgamaga başlamaly. 30 ýaşdan kiçi ýaşlylar, eger olaryň soňky gezek lukmançylyk barlaglary geçirilende potologiki ýagdaýlary ýüze çykarylmadyk bolsa, ylgamaga başlap bilerler; 30-39 ýaşlylar, eger azyndan 3 aý öň lukman maslahatyndan geçip, rahat ýagdaýda EKG ýazgysyny geçiren bolsa, ylgap bilerler; 40-59 ýaşlylar üçin hem talaplar şonuň ýaly, ýöne olarda EKG hem rahat, hem ýüklemelerden soň geçirilmeli; 60 we ondan ýokary ýaşlylar üçin hem edil ýokardaky toparlardaky ýaly, ýöne barlaglary türgenleşik başlamazdan öň geçirmeli. Ýüklemeler wagtynda çynlakaý ýetmezçilikler ýüze çykan ýagdaýynda maşklar patalogik gyşarmalar ýüze ýykmaz ýaly, howpsuz derejede çäklendirilmeli. Şeýle ýagdaýda çynlakaý lukmançylyk gözegçiligi hökmanydyr. Adatça işjeňlik ýagdaýy gowulanýança sagaldyş ýörişiniň maksatnamalaryny ulanmaklyk maslahat berilýär. 30 ýaşa çenli bolan sagdyn adamlar sapaklara islendik maşklardan başlap bilýärler. 30-49 ýaşly adamlar maşklaryň islendik görnüşini saýlap bilýärler, ýöne şol maşklar uly dartgynlylygy talap etmeli däl we lukmanyň rugsady bilen edilmeli. 40-59 ýaşly adamlar sapaklara ýörişden başlamaly, ylgawa geçilende bolsa lukmanyň rugsady bolmaly. 60 we ondan uly ýaşlylara diňe ýörişden başlamak maslahat berilýär. Köp sanly dürli-dürli türgenleşik dessurlary hereket edýär. Meşgullanýanlaryň öz öňlerinde goýan maksadyna laýyklykda sapaklaryň maksatnamalary – hepdedäki türgenleşikleriň mukdary, sapaklaryň dowamlylygy meýilleşdirilýär.
Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09887 sek. ýüklenen baýt: 30244