Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SUWA BÖKMEK SPORT GÖRNÜŞI
Ýazylan wagty: 30 сентября 2018 Ýazan Mayichka
Garaşsyz hem baky bitarap Türkmenistanda soňky ýyllar gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp suw toplumlarynyň peýda bolmagy bilen suwa bökmek sport görnüşi hökmünde ýurdumyzda uly meşhurlyga eýedir. Gyzyklanma we amaly endik hökmünde ol hemmeler üçin täsin gyzyklanmadyr we elýeterlidir. Howada bäşyňy aýlaýjy pyrlanmalary ýerine etiren we syçratman suwa giren türgen tomaşaçylarda elmydama haýran galmalary döredýär. Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlary köpsanly tomaşaçylary özüne çekýär we örän joşgunlylyk ýagdaýynda geçýär. Suwa bökmek boýunça dürli derejedäki ýaryşlarda medallar 4-den 16-a çenlisi boýunça göreşilýär (1 we 3 metrlik tramplinler, diň, tramplinden we diňden sazlaşykly bökmek, miks atly sazlaşykly böküşler, toparlaýyn birinjilikler – we bularyň hemmesi erkekler we aýallar üçin aýry-aýrylykda geçirilýär). Bedenterbiýe ulgamynda suwa bökmeklik şu aşakdakylar görnüşlerinde kabul edilýär: ilatyň taplanmagynyň, sagalmagynyň we işjeň dynç almagynyň serişdesi hökmünde; hünärmençilik-amaly taýýarlygyň serişdesi hökmünde; köpçülikleýin çagalar we ýetginjekler sportunyň we ýokary derejeler sportunyň görnüşi hökmünde. Suwa bökmek boýunça ýaryşlar edil uly ýaşly türgenleriň arasynda geçirilişi ýaly, ýaş suwa böküjileriň arasynda hem geçirilýär (ulularyň 4 topary – A, B, Ç, D). A ýaş topary 16-18 ýaşly türgenleri özüne birleşdirýär; B topar – 14-15 ýaşly türgenleri özüne birleşdirýär; Ç topar – 11-12 ýaşly türgenleri özüne birleşdirýär; D topar – 10 we ondan kiçi ýaşly türgenleri özüne birleşdirýär. Suwda ýüzmek bilen meşgullanmak gowy suwda ýüzmesizden mümkin däldir, şonuň üçin sapaklaryň başlangyç tapgyrlaryna durmuşyň bu hökmany endiklerini öwretmeklik goşulýar. Çuň howdanda suwa bökmek bilen meşgullanyp, suwda ynamly saklanmagy başarýan çagalar kiçi howdanda suwda ýüzmegi öwrenenden çalt öwrenýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da suwda ýüzmek sapaklary umumy ösdüriji, akrobatiki, gimnastiki, horeografiki maşklary, bautudaky maşklary özüne birleşdirýär, bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň bedeniniň garmoniki ösüşine täsir edýär.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08092 sek. ýüklenen baýt: 30510