Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Ýazylan wagty: 10 октября 2018 Ýazan NEXTTM
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

Gadyrly myhmanlar! 
Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri! 

Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän maslahatda aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapjakdygyňyza, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlejekdigiňize berk ynanýaryn. 

Aragatnaşyk pudagyna häzirki zamanyň ösen, ýokary hilli tehnologiýalaryny we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň milli telekommunikasiýa ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, biz bu ugurda halkara guramalar we kompaniýalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. 

Gadyrly myhmanlar! 

Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak maksady bilen hem-de 2018 — 2024-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmek, raýatlarymyza ýokary hilli we elýeterli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan uly möçberde maýa goýum serişdeleri goýberilýär. 

Bu bolsa ýurdumyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan üzňe bolman, döwür bilen aýakdaş gitmegine, jemgyýet üçin möhüm bolan internet hyzmatynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Halklaryň ýakynlaşmagynda, döwletleriň durnukly ösmeginde, eziz Watanymyzyň logistik merkeze öwrülmeginde möhüm orun eýeleýän, ýurdumyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berilýän halkara optiki-süýümli esasy aragatnaşyk ulgamlary hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu geçirijiler diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hem üstaşyr ulgamlaryň möhüm şahasy bolup, döwletimiziň milli aragatnaşyk pudagynyň has-da ösmegine ýardam berýär. 

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! 
Hormatly myhmanlar! 

Bitarap döwletimiz işjeň hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we okgunly ösdürilmegine ygrarly bolmak bilen, ähli ulgamlarda ýokary ösüş depginlerini gazanýan ýurtlaryň hataryna goşulýar hem-de dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär. Biziň ýurdumyz syýasy we işewürlik merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Berkarar Watanymyzda sebitleýin hem-de ählumumy ähmiýetli maslahatlar we çäreler yzygiderli geçirilýär. «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Garaşsyz döwletimiz hyzmatdaş ýurtlary bilen Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine hem işjeň gatnaşýar. Şoňa görä-de, şu ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edildi. 

Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi, giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi täze wezipeleri öňde goýýar, şol sanda kommunikasiýa we elektron aragatnaşyk serişdeleriniň has-da kämilleşdirilmegini talap edýär. Ýokary maglumat tehnologiýalar ulgamynda hödürlenýän dürli hyzmatlara bolan isleg yzygiderli artýar. Biziň ýurdumyz aragatnaşygyň häzirki şertlerinde ilatyň islegini kanagatlandyrmak üçin maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýär we raýatlarymyz üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda telefon beketleri döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekilýär. Aragatnaşygyň hemra ulgamy hereket edýär, milli öýjükli aragatnaşyk ulgamy giňeldilýär. Guramalaryň, kärhanalaryň we okuw mekdepleriniň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjünçilik derejesi ýokarlanýar, internetden peýdalanýanlaryň sany yzygiderli artýar. 

Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz transmilli telekommunikasiýa ulgamynyň ösüşi babatda gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardyr. Şeýle gatnaşyklar sebitiň ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini, aragatnaşygyň häzirki zaman hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, diňe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna däl-de, eýsem, beýleki döwletleriň hem ykdysadyýetiniň ösmegine itergi berer. 

Hormatly aragatnaşykçylar! 
Gadyrly dostlar! 

Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Bu ýöriteleşdirilen çäräniň dünýä jemgyýetçiligini berkarar Watanymyzyň aragatnaşyk ulgamynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. 

Size berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06623 sek. ýüklenen baýt: 37158