Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Altyn asyr” finalda utsa 1,5 million, utulsa 750 müň dollar gazanar
Ýazylan wagty: 10 октября 2018 Ýazan NEXTTM

“Altyn asyr” finalda utsa 1,5 million, utulsa 750 müň dollar gazanar

“Altyn asyr” finalda utsa 1,5 million, utulsa 750 müň dollar gazanar

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugruundaky ýaryşyň finalyna çykmak bilen paýtagtymyzyň “Altyn asyr” futbol topary AFK-dan ýene-de azyndan 750 müň dollarlyk baýragy takyklaşdyrdy. Bu baýrak finala çykyp, ýaryşy ikinji orunda tamamlan topara beriljek baýrakdyr. Emma “aragatnaşykçylar” finaldaky garşydaşyny - Yragyň “Al-Kuwa” toparyny ýeňen ýagdaýynda hem türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň kubogyna, hem-de 1,5 million dollar pul baýragyna mynasyp bolar.

Ýylyň başynda-da habar berşimiz ýaly, AFK şu ýyl halkara ýaryşlaryň baýrak gaznasyny artdyrdy. Geçen ýyl AFK-nyň kubogynyň eýesi 1 million, ikinji orny eýelän topar bolsa 500 müň dollar gazanypdy. Artdyrylan baýragynyň ilkinji eýeleriniň biriniň türkmen topary bolmagy ählimiz üçin ýakymlydyr.

Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05553 sek. ýüklenen baýt: 30806