Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
"Men ucin indi yagys yagmasyn"
Ýazylan wagty: 06 августа 2013 Ýazan HEZRET
"Men ucin indi yagys yagmasyn"

Jennet keselhananyn aynasyndan dasaryk seretmek ucin yerinden turdy.Dasarda altyn guyzun enayy semaly bilen yagyan yagys gyzyn yuregini lerzana getirip,ony gecmise sary yollayardy.Ol yagsy seyle halayardy,ozem yagysdan sonky gezelenji has hem halayardy.Ol gozlerini bir nokada dikip,oya batdy.Onun gecmisi birin-birin goz onunden edil kino lentasy yaly bolup gecip baryady...

Sol gun Jennet is yerinden ir cykyp,golaydaky bazara tarap ugrady.Bu gun jorasynyn doglan gunudi,ona sowgat aljakdy.Bir owadan gulldesse bilen Jennet duralga tarap yol aldy.Awtobus gelenok,ustesine-de yagys hem yagyp baslady.Jennet sayawany hem almak yadyndan goterilipdi.Doglan gunude gija galjakdy,Bu zatlara keypi gacjak bolyady.Ine,birdenem yagys dinen yaly boldy,yone yagys yagyp durdy,gyzyn ustune yaganokdy.Gyz yokaryk seretdi welin sayawan dur.sayawany bir gormegey oglan saklap durdy."Siz gaty yagsa ezilipsiniz has hem elinizdaki gulldesse ezilendir"diyip, yigit yylgyryp seretdi.Jennet ozuni onaysyz duydy."Sag bolun,hokmanam daldi" diyip gyz yere bakdy."Sizin ezilip duranynyzy gorup menin size komegim gerekdir diyip yanynyza gelip dursym.Ha aytmakcy siz beydip durman awtobus hacan geljek,yorun men sizi taksa mundurip goybereyin"diyip yagsy yigit taksi saklamak ucin yola cykdy.Bir taksi gelip durdy,ony masyna mundurdi.Jennet:"Wiy,ine sayawanynyz,sag bolun"."Yok ol sizde dursun size gerek bolar,yagys yagyp dura." diyip,oglan aytdy.

Jennet jorasynyn doglan gunune yetisdi.Doglan gun gyzykly gecip durdu.Birdenem gapynyn jany kakylyar.Jennet ozum acaryn diyip gapa tarap yoredi.Gapyny acdy welin,sol yagsy yigit,sayawanyn eyesi.Ikisem bir-birlerini gorup hayran galdylar."Kim gelipdir?"diyip jorasy geldi.Sol gormegey yigit elindaki sowgady jorasynyn eline berdi."Tanys bol,bu bizin garyndasymyz Maksat" diyip Jennete ony tanysdyrdy."Biz eyyem tansyp aldyk"diyip Maksat gozlerini Jennete tarapa seredip aytdy."yone adynyzy hem soramandyryn"."Bu menin in yakyn joram Jennet" diyip jorasy aytdy."Hany beydip durmanda,icerik girip oturyn diyip olary icerik alyp girdi.

Doglan gun gowy gecipdi,hemmeler oylerine gaytmak ucin yerinden turyp basladylar."Jennet bu gun bizde galyber.ertir isine su yerden cykyp gidersin"diyip jorasy ony alyp galjak bolyady.Ol oye barmalydygyny islerinin kopdugini aytdy."Dur onda,seni Maksat ugradyp goyberer!" diyip Maksaty cagyryp,ony oyune cenli akitmegini hayys etdi.Bular yola cykyp,taksi sakladylar.Barmaly adresi atdyp masyna mundiler.Maksat Jennet bilen yakyndan tanysjak bolup soraglar beryadi.Gyzam dine yonekeyje,gysga jogap berip baryadylar...
Jennet oyune geldi.Kop sag bolsun aydyp masyndan dusdi...

Ertesi irden Jennet yene ise ugrady.Yolda sol Maksat dusdy. Olar salamlasyp,hal ahwal sorasdylar."Yadymdan cykjak eken,ine sizin sayawanynyz" diyip Jennet elindaki sayawany Maksada uzatdy."Yok sizde dursun,bu gun yene yagys yagjak diydiler,size gerek bolar" diyip sayawany Jennetde galdyrdy.

-Siz su towerekde isleyanizmi?-diyip Maksat Jennetden nirde isleyandigi sorady.
-Hawa,ine su edarada isleyan.
-Meninem is yerim hoool binany goryanmi ana sonda isleyan,aramyz gaty uzgam dal eken.
-Hawa...bolya isimizden gija galmaly-diyip,Jennet elindaki sagadyna seretdi.
-Dogry,belki yene bizi takdyr dusurar...hosh onda-diyip oglan yylgyryp gurledi.
-Bolya hosh...
Sol gunden son, Maksat bilgesleyin onun onunden gunde cykyardy. her gezek bizi yene takdyr dusurdy diyip aydyardy.Jenneti oyune cenli ugradardy,seyilgahin ici bilen gezelenc ederdiler.Gyzykly gurrunler ederdiler,guluserdiler,satlykly pursatlary basdan geciryadiler.Bularyn bu gatnasyklary ahyry soygi yoluna dusjekleri hakynda hem pikir hem etmediler.
Aradan ep-esli wagt gecdi...Maksat ony soyup galypdy,yone aytmak ucin bir pursat gozleyardi.Jennet hem bu duyguny basyndan geciryadi,yone hic ynanyp bilenokdy.Ozune"Bu nahili duygyka,soygi diyilyan zat shumyka...yok beyle bolup bilmez,soygi hakykatdanam seyle suyji duygy bolsa...?!" yaly soraglary beryadi.Hawa,ol soygi yoluna dusupdi emma ynanyp bilmedi.

Bir gun Maksat Jennete aytjak bir gepinin bardygyny we onki seyilgahde gorusmelidigini aytdy.Isden son Jennet dususmak ucin niyetlenen yere geldi.Salamlasdylar,yagdaylaryny soradylar,tazelikler..."Maksat mana bir zat aytjak diyipdiniz?"."Bilyanmi,Jennet sana dusanymdan bari men bir duygyny basymdan geciryan,gijeler uky yok,seni gormesem karar tapamok.Men ilki bu duygyny soygi diyip oylamadym.Men yalnysan ekenim hakykatdanam bu sirin we suyji duygu diyilyan Soygi eken,men seni soyyan ekenim.Sen menin su nazijek soygumi kabul edermin?!..."."Maksat menem seni halayan,yagsy,gowy oglansyn.Ilki enem-atamyn razylygyny alsan gowy bolardy." diyip gyz oglana aytdy."Su aydan sozlerin menin ucin derdimin dermany boldy.Sen aytsan men elbetde ejemi oyune ibererin,nesip bolsa...seylelik bilen oylerine gaytdylar.Maksadyn satlygy,begenji bilen asmana ucayjak bolyady.Oyune gelende oglunyn bu yagdayyny gorup ejesi bir zat bolanyny duydy."Hany oglum kim ol gyz,senin yureginden uran" diyip oglanyn satlygyna gosuldy."Eje men ol gyzy halayan,olam meni halaya,seyle owadan hem akylly senin gownune yarar eje...","Bolya oglum sen bagtly bolsan bolya,ertirin ozunde oyune gudacylyga giderin!".Oyde Maksat yeke perzent bolanson,ata-enesinin bar guwanjydy,bagtydy,onun bagtly bolmagyny isleyardiler.

Ejesi Jennetin oyune gudacylyga geldiler.Ahli dap-dessurlay yerine yetirip gelipdiler.Jennetin oyundakiler:"Bizin garsylygmyz yok,oglan gyzy,gyzam oglany halayan bolsalar.Bu iki yas juwanyn baslaryny bir etmek galyada.Bize dine olara bagt toylaryny tutyp bermek galya".diyip,olara razylyk berdiler.
Iki tarap hem toya gyzgalanly tayyarlyk gorup basladylar.Maksat bilen Jennetden bagtly adamlar yokdy.
Ikisem isden son dukanlary aylanyp,toya gerekli,geyjek we ulanyljak zatlary haryt ederdiler.Gowunlerine yarasa alyadylar.

Bu gunem Jennet Maksat bilen bazary aylanypdylar.Jennet ozune gerek zatlary alyp oyune gaydypdy.Oyunde ejesi ashanada,kakasy bolsa sol onki isi bilen baglaryna serenjam berip yordi."Eje men hazir ozum komek ederin,esiklerimi cykaryp gaydayyn" diyip, oz otagyna girip gitdi.Esiklerini calsyp ashana geldi.Ashanada ejesi yokdy.Suw iceyin diyip,stolun ustundaki kasadaki suwy icdi welin...
Jennet gozuni acanda ozunin hassahanada yatandygyny bildi.Towereginde ejesi,kakasy we polisiya isgaleri bardy."Eje,kaka mana name boldy?..","Gyzym name boldy namucin beytdin,kim gownune degdi..." diyip ejesi aglap durdy.Polisey bolsa:" Namucin janynyza kast etdiniz,name sebapden,namucin..." yaly soraglary berip baslady.Jennet sol kasadaki suwy iceni yadyna dusdi."Men janyma kast edemok,bilman basga suwy icipdirin" diyip towerwgindakilere aytdy.

Sol kasadaki suw dal-de,kakasynyn baglary ucin ulanyan dermany eken.Ejesi ony dermanlamak ucin tayyarlap,ony kakasyna eltip bermegi unudypdyr,stolun ustunde galypdyr...
Hemmeler bolan waka anyk goz yetirdiler.Aradan birki gun gecenson,ejesi gyzynyn yanyna gelip:"Gyzym,hic gynanma,bagtyn hali acykdyr,takdyryndyr,men sana onurak aytjakdym,yagdayyn gowulasmagyna garasdym..." diyip aglap goyberdi."Eje name bey diyyan name boldy aytsana?"."Gyzym gudalar toyy yatyrdylar,seni gelin edip aljak dal diyipdirler.Senin bir gunan etmisin bar diyip toyy yatyrdylar.".Jennet bu sozlere esidende yureginde bir zat uzulen yaly boldy,"Name gunam,etmisim bardy,men name etmis eden ekenim,ah durmus name mani beyle gynayan,synaglaryn bilen gynayan,men bu dunyade bagtsyz adam..." diyip,ajy gozyaslaryny dokup aglayady,basyny ejesinin onunde goyup,bu durmusdan nalaydy...

Jennetin sol dermany icip hassahan dusenini das-toweregindakiler bilipdiler.Olar:"Jenneti bir etmisi bardyr,bir oglany bagtsyz etmayin diyip janyna kast edendir" diyen gep-gurruler guda tarapa hem yetip baryar.Bular basda ynanmajak bolyalar,yone polisiya isgarlerinin gelmegi,keselhana dusmegi bulary ynandyrmaga mejbur bolyalar.Ilki Maksat hic ynanmayar,ejesinin aydan sozleri,esidilen gep-gurrunler ony azdyryardy.Ejesi oglunyn bagtly bolmagyny islap seydipdi.Seylelik bilen toy hem yatyrylyar...

Gapynyn kakylmagy,Jennetin gecmise syyahatynyn lentasyny kesyar.Icerik ejesi girip gelyar."Gyzym su gun lukmanlar oye goyberjekdiklerini aytdylar,zatlaryny yygnasdyr,kakan bizi alyp gitmane geler.Jennet yagyan yagsy synlap:"Durmus dowam edyar,indi ajy damjaly yagys hic hacan men ucin yagmasyn!" diyip,oz zatlaryny yygnap baslady.

Kakasy gapydan girip:"hany menin mahribanlarym yorun gidelin" diyip almaly zatlary alyp, olar otagdan cykyp gitdiler...

Yasayys dowam edyar
Okalan sany: 473   Jogaplar: ( 2 )

Jekson
06 августа 2013

Bagtyn nireden geljegini bir alla bilyar, Durmushdaaa

Sasoltan
07 августа 2013

Dogry allajan gorasyn.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2014 NextTM.com Perman Nurjanow
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08997 sek. ýüklenen baýt: 39342