Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
64 kg agram
Ýazylan wagty: 06 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Zenanlaryň arasynda 64 kilograma çenli agramda «A» toparyň ýaryşy tamamlandy. Hytaýly türgen Deng Wei birbada götermek boýunça  112 kilogram göterip, altyn medala mynasyp boldy. Rumyniýaly türgen Loredana-Elena Toma 110 kilogram göterip, kümüş medal gazandy. «B» toparda çykyş eden Karina Goricheva 107 kilogram görkeziji bilen bürünç medala eýe çykdy. Itekläp götermek boýunça Deng Wei 140 kg göterip, altyn medala mynasyp boldy. Taýlandly Rattanawan Wamalun 137 kg göterip, çempionaty kümüş medal  bilen tamamlady. Bürünç medal demirgazyk koreýaly türgen gyza Rim Un Sims gowşuryldy (134 kg).Umumy hasap boýunça altyn medala Deng Wei mynasyp görüldi. Onuň görkezijisi 252 kilograma deň boldy. Demirgazyk Koreýadan gelen Rim Un Sim 239 kg agramy göterip, hormat münberiniň 2-nji gatyna çykdy. Bürünç medal taýlandly Rattanawan Wamaluna gowşuryldy (239 kg). 64 kilograma çenli agramda altyn medal gazanan gyz Deng Wei 2016-njy ýylda Olimpiadanyň çempiony bolupdyr. 2014-nji ýylda Aziadanyň kümüş medalyny gazanypdyr. Şeýle-de, oňa Aşgabatda 4-nji gezek dünýä çempionatynyň altyn medaly gowşuryldy. 
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
06 ноября 2018

Pauerliftingde kemer, triko (ýörite geýim), futbolka, uzyn jorap (getry), şeýle hem ştangetka (ýörite oturyp-turmak maşky üçin ulanylýan aýakgap), dyz bognuna daňylýan we penjä daňylýan ýörite bintler ulanylýar. Häzirki wagtda pauerliftingde kömek ediji geýimler, ýagny dyzlara we penjelere daňylýan ýörite bintler, ýörite žym üçin geýilýän eginbaş, oturyp-turmak we çekmek maşgynda geýilýän ýörite eginbaş (maýka), oturyp-turamak we çekmek maşgy üçin ýörite kombinizon ulanylýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07990 sek. ýüklenen baýt: 30437