Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hemaÿatkärleriñ goşandy
Ýazylan wagty: 06 ноября 2018 Ýazan Mayichka
2018-nji ýylda agyr atletikaçylaryň durmuşyndaky iň möhüm waka, ýagny dünýä çempionaty Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýär. Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede guralmagy üçin hemmetaraplaýyn tagalla edilýär. Bu tutumly işe ýaryşyň baş hemaýatkäriniňem, resmi hemaýatkärleriniňem we resmi hyzmatdaşlaryňam mynasyp goşantlarynyň bardygyny bellemelidiris.

Baş hemaýatkär

“ENOC” nebit kompaniýasynyň üsti bilen Dubaý emirliginiň hökümediniň eýeçiligindäki “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy nebitgaz ýataklarynyň gözlegi we özleşdirilmegi bilen meşgullanýar. "Dragon Oýl“ kompaniýasynyň işleriniň esasy alynyp barylýan ýeri Hazar deňiziniň gündogar tarapynda türkmen böleginde ýerleşýän “Çeleken” şertnamalaýyn çägidir. Aşgabat 2018 Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna hemaýatkärlik “Dragon Oýl” üçin işlerini bilelikde amala aşyrýan jemgyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmek boýunça güýçlendirilýän çäreleri bilen bilelikde, türkmen sportuny ösdürmekde ýene bir ädimdir.
Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
06 ноября 2018

Beden terbiýesine şahsyýetiň durmuşda, ýaşaýyşda, zähmetde gerek bolan hereket ukyplaryny, hereket başarjaňlygyny we endigini, beden sypatlaryny we ş. m. terbiýelemeklik, özleşdirmeklik, kämilleşdirmeklik hem-de olara beden terbiýesi barada bilim, düşünje bermek degişlidir. Başgaça aýdylanda beden terbiýesi adamlaryň daşky tebigatyna täsir etmän, eýsem olaryň ýaşaýyş durmuşynda iň zerur bolan hereket ukyplaryna täsir edýän terbiýeçiligiň bir görnüşidir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11824 sek. ýüklenen baýt: 30374