Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Agyr atletika boÿunça Dünÿä çempionatynyñ waspy
Ýazylan wagty: 06 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzda halkara ýaryşlary geçirilýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” şygary bilen ýokary guramaçylykly geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da ýokarlandyrdy.  Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalaryň biri bolar. Bu çempionat erkekleriň arasyndaky 84-nji, zenanlaryň arasynda 27-nji çempionat hasaplanylýar.  Agyr atletika gadymy döwürde Gresiýada döräp, ol beden güýjüni görkezýän esasy synag hasaplanypdyr. Agyr atletika boýunça ilkinji Dünýä çempionaty 1891-nji ýylda Angliýada geçirilýär. Sportuň bu görnüşi 1896-njy ýylda ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär. Agyr atletikaçylaryň bütindünýä birleşmesi 1905-nji ýylda Germaniýada esaslandyrylýar.Agyr atletikanyň iki sany görnüşi bolup, olar silterläp götermek we itekläp götermekdir. Silterläp götermek görnüşi ştangany ýerden kelläň ýokarsyna bir gezekde galdyrmagy öz içine alýar. Itekläp götermek iki aýratyn hereketden, ýerden egniňe çenli, soňra kelläňden ýokary galdyrmagy öz içine alýar. Her bir görnüşi ýerine ýetirmek üçin türgenleriň üç synanyşygy bar.Her agram derejede çykyş edýän türgenler iki görnüşi boýunça ýaryşa gatnaşýarlar. Her bir türgeniň silterläp götermek we itekläp götermek synanyşygynda görkezen iň gowy netijesi onuň jemleýji bahasyny kesgitlemek üçin goşulýar. Ýaryşyň dowamynda türgenler öz agramyndan üç esse uly agramy göterip bilýärler.Agyr atletika boýunça geçirilen dünýä çempionatlarynda  umumy medal hasabynda, ozalky SSSR birinji ýerde bolup, ol 185 altyn, 135 kümüş, 64 bürünç medal gazanan. Onuň yzysüre birinji onluga Hytaý, Bolgariýa, ABŞ, Awstriýa, Polşa, Eýran, Türkiýe, Gazagystan ýaly döwletler girýär.Çempionatyň taryhynda Türkmenistanyň 1 sany altyn medal hasaby bolup, ol 1993-nji ýylda Melburnda geçirilen 63-nji dünýä çempionatynda ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýew tarapyndan gazanyldy.Agyr atletika boýunça soňky Dünýä çempionaty 2017-nji ýylyň 28-nji noýabr – 5-nji dekabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Anahaým şäherinde geçirildi. Bu çempionata dünýäniň 68 ýurdundan 328 sany türgen gatnaşdy. Bu çempionatda 77 kilogram agram derejede çykyş eden, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň türgeni Rejepow Rejepbaý üç sany kümüş medalyň eýesi bolmagy başardy. Ol silkip götermekde 158 kilogram, itekläp götermekde 194 kilogram we umumy jemleri boýunça 352 kilogram netije görkezdi. Bilşimiz ýaly, ýaş agyr atletikaçymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna girýän sportuň agyr atletika görnüşi boýunça hem altyn medala medala mynasyp boldy.
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
06 ноября 2018

professional sport — sportuň düzüm bölegi, ýokary sport netijelerini gazanmak we girdeji almak maksady bilen sport ýaryşlaryny guramaga we geçirmäge gönükdirilen, esasy gatnaşyjylary professional türgenler, professional tälimçiler we professional sport eminleri bolup durýan professional sport işi we ş.m.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06717 sek. ýüklenen baýt: 32224