Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Milli gymmatlygymyz Wepaly
Ýazylan wagty: 06 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Türkmenistanyň milli gymmatlyklary şekillendirilen sowgatlyk önümleri dünýä çempionatynyň myhmanlarynda ýakymly täsir galdyrýar. Dünýäniň 100 töweregi döwletine wekilçilik edýän türgenleridir tälimçileri bir ýere jemlän dünýä çempionatynyň myhmanlary esasanam türkmen alabaýyny – Wepalyny has gowy görendiklerini aýdýarlar. Türkmen gyzlarynyň milli lybaslary, hususanda dürli reňkli keteniler gelin-gyzlarda höwes döredýär. Olar şeýle lybasyň gyzlary has owadan görkezýändigini, gözelligine gözellik goşýandygyny belleýärler. Türkmen dony bilen ak telpekli keşpde gözlerimizde galan meşhur Wepaly bolsa türkmen ýigitleriniň milli lybasyny mahabatlandyrýar. Mundan başga-da, türkmen zenanlarynyň ezber ellerinden çykan ajaýyp tahýalar, çitme sumkalar, keşdeli sowgatlyklar dünýä çempionatynyň myhmanlarynyň iň köp satyn alýan harytlarynyň hatarynda durýar. 
Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
06 ноября 2018

Ajaýyp durmuşda, batly gadamlarda bimöçber aladalarynyň esasynda sport bilen meşgullanmaga, okamaga, bilim almaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06838 sek. ýüklenen baýt: 29872